HARAMA HASAP BAR
Yaslygynda soyup ajap gozeli
Ol hakda yazypdyn ence gazaly
Pynhan bakyslarna bendi bolardyn
Gollaryn cemenli ylgap barardyn
Soydu deryasyna ozin tasladyn
Her sozuni mahit bilen basladyn
-Ezizim! Soygumi beyan eylayin
Yor gideli seyilgahe aylayyn
Cuwdurimler gor nenensi akysda
Yaslar gol tutusyp nazli bakysda
Seyle dususyklar kan gezek boldy
Sonda gyz oyune sawcylar geldi
Baldyzyndan habarlydy yennesi
Or gokden geldiler sondan ozgesi:
Sawcylar cykysyp dusduler yola
Ene garanjyklap saga hem sola
Oyune geldide pikire batdy
Oturan gelnine soragly bakdy
-Sawcylar hakynda habaryn barmy
Ya da Bahargulim soyusip yormi
-Baldyzym sol yigdi yurekden soyyar
Gormedik gunleri ortenip koyyar
Guda bolayaly sozum onlasan
Basga yere niyeti yok dinlesen
Masgala birigip makul bildiler
Gaytaryp durmazdan guda boldular
Sahetli gun toy sahedi bellendi
Car tarapa cakylyklar yollandy
Mareke yygnandy yakyndan dasdan
Sowhuny yetikdi toylaryn basdan
Toy bezegi aydymcydyr sazanda
4-5 durli tagam tayyar gazanda
Gor nenen ajayyp Turkmenin toyy
Jas juwanlar bezap otur sol toyy
Diyarymda kopeldi 1 masgala
Masgalada erkek adam bas gala
Batyr Bahargule yhlasly boldy
Gelninin aydanyn berjaylar kyldy
Uc ogul iki gyz indi jahana
Durmusda gozlare yokdy bahana
Batyryn arzuwy hasyl bolup dur
Oyune bihasap pullar inip dur
Dane ammaryna baslyk bellendi
Bahargul Batyra seyle yuzlendi:
-Batyr masgalany halaldan ekle
Haramyn sony yok gapysyn bekle!
Bahargul aglaplar maslahat berdi
Ne dinledi ne gozleri yer gordi
Aysy esretlerde gecdi her guni
Seyle waka boldy bir gunun biri
Ysmaz keseline yokuldy ene
Yadymdan cykmayar sol gunki sene
Baharguli barlasdyryp bir lukman
-Rahatlyk gerekdir yatamsy hokman
Keseline garsy sanjyklar etdi
Icimlik dermany tabsyryp gitdi
Batyryn is yerne habar etdiler
Esidip tiz tizden geler oytduler
Bahargulin hemme hossary geldi
Nacarlaryn gorup oy gama doldy
Dandandan dolandy oyune Batyr
-Kaka gela ejem yaraman yatyr
-Dow calasy yokla ejen gutular
Ejen olse yene eje tapylar
Yetginjek yuzuni diwara berip
Monnurup aglady yokuslar gorup
Bahargul Batyra nayynjar bakdy
Enan gozlerinden goz yaslar akdy
-Name boldy!? diyip sorady Batyr
Eneden jogap yok ysgynsyz yatyr
Telefonda "Tiz komegi" cagyrdy
Enen haly onkusinden agyrdy
Gelip hassahana alyp gitdiler
"Sagalsynda" diyip dileg etdiler
Azda kande bari bakdy keseli
Enan ysgynyzdan berdi teselli
Bahargul 3 aylap dusekde yatdy
Batyr Bahargule matlabyn atdy:
-Senden bizar boldum gormesin gozum
Su ojakda galjak yalnyz bir ozum
Baharguli hemme cagasy bilen
Isi bolman ahy nalasy bilen
Atash oyune dusurip gitdi
"Derkama dal! " diyip getirip gitdi
Bahargul 1 gije uka gidende
Gije agyp dana golay yetende
Duysunde gulagna owazlar geldi
Erenler jem bolup dasyny aldy
-Derdi beren Alla dermanyn berer
Kanagat eyelgil caresin gorer
Oyansa yanynda kabesi otur
Cagalary suyji ukuda yatyr
Bahargul sol gunden yylada yetman
Dilinden dur sacdy dusekde yatman
Hojalyk isine gumra bolup yor
Cagalar yanynda hemra bolup yor
Basynda tac bardyr ol hem saglykdyr
Saglyk bolsa gorjek gunun beglikdir
Bahargul cagalan korpesin alyp
Gerekli zatlary almakcy bolup
Ir saher turdyda sahere gitdi
Iymitdir edif sowdasyn etdi
Aljak zatlaryny alyp boldular
Masynlan yanyna golay geldiler
- Eje pul berayda? -Name almakcy?
-Hool oturan gedaya pul bermekci!
Bahargul seretse sayyla garap
Gozlerne ynanman kop pursat garap
Batyrlyghn gorup tisgindi birden
Gacyran zatlarny galdyrdy yerden
Bahargulin nm goryar gozleri?
Gaytalandy sol esiden sozleri:
- Senden bizar boldum gormesin gozum
Su ojakda galjak yalnyz bir ozum!
-Eje eje elin uzatyar geday
Ya bermeli dalmi bir zatlar ayday
-Yor oglum gideli gijade galdyk
Pulumyz azaldy kop zatar aldyk