sahyrlar_we_men
17.10.2022 22:34
Özüme

On üçmi,
Ya on dört yasahap,
Çepek geyip, ile çykdyñ.
Galamyñy dula yaslap,
Çep gulakly pile çykdyñ.

Atañ öldi. Towlanmadyñ.
Möññürmediñ. Togalanmadyñ.
Ya-da juda oglanmydyñ?
Me sebäpden beyle çykdyñ?

Aga yitdi. Ata öldi.
(Gezermikäñ hülli-hülli)
Yöne seniñ gatyñ geldi-
Eneñ bilen yola çykdyñ.

Kabul etdi, agras Tejen,
Bugdaylary goñras Tejen.
Burugsa burugsat Tejen,
Bir ot gözläp seyle çykdyñ.

Alym Tejen oda derek,
Berdi ot dek bugdayorak...
Dabanlaryñ darak-darak,
Sagdan ordyñ, sola çykdyñ.

Yer yùzüni bugday edip,
Her dessesin bogdak edip,
Bogdagyny baydak edip,
Yeñish üçin yola çykdyñ.

Gazdyñ hazy, çyzdyñ goshgy,
Yesir etdi gyzlañ yshgy.
Haysy görseñ sol hem yagsyhy,
Bir täsinje owlajykdyñ.

Mälediñ sen, mälediñ sen,
Birin hasam haladyñ sen.
Barmy puluñ, haladyñ señ,
Yokdy.
Derrew nola çykdyñ.

Bashky söygiñ yykdy aldap,
Böküp turduñ, bolduñ soldat,
Gaydyp geldiñ, dostlañ goldap,
Bir gözeli dula çekdiñ.

...Sapak berdi alym hakdat,
Öyüñ kitap, yüküñ kitap.
Gündiz yanyp, gije tütäp,
Shahyr bolduñ, "molla" çykdyñ.

Iller saña diydi shahyr,
Azda-kände adyñ zahyr...
Diri wagtyñ bolma pahyr,
Çyksañ lowlap ile çykgyn.

Shahyrlyk bir jañly kerwen,
(Yolda diñlen, öyde diñlen)
Diñlenmeseñ
Yene derrew,
Çep gulakly pile çykgyn...

Kerim Gurbannepesow
7
254
Maýa06
18 Oktýabr 2022
Bolýa mena gitdim ertir irdenem okuw sag amanja ýatyp turuň 🙋🏻‍♀️
Begga99
18 Oktýabr 2022
sahyrlar_we_men,sps

Maýa06,hos gorduk
sahyrlar_we_men
18 Oktýabr 2022
Begga99,elbetde.
Maýa06
18 Oktýabr 2022
Begga99,hoş geldiň 😄
Begga99
18 Oktýabr 2022
Salam menem gosulsam bolyamy
atakulyyewa_humay
18 Oktýabr 2022
Maýa06,Bolya girjek bolsan ýaňky, sahyrlar_we_men, nomerini dabawit et
Maýa06
18 Oktýabr 2022
🌜🌜🌜,aý borla🙂
atakulyyewa_humay
18 Oktýabr 2022
Maýa06,Sizi hem şoňa goşjak boldum

Maýa06,Onda gir! Has hem ökde bolmagyň üçin
Maýa06
18 Oktýabr 2022
🌜🌜🌜,menem öýde diňe men giremmok
atakulyyewa_humay
18 Oktýabr 2022
sahyrlar_we_men,Yok ol ýerde başgada geografiyadan tayyarlanyanlar bar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.