violinist
17.10.2022 09:41
Eiizläpdir söýen ýürek,
Ejir çekýär köýen ýürek,
Bak, gyzyň üýtgäpdir gerek?!
Ozal beýle däldim, eje!

Uçardym mysaly bir guş,
Ganatlarym gyrdy durmuş,
Göz boldumy, hazan urmuş...
Şeýle bir hoş haldym, eje!

Ruhum deňdi asman bilen,
Hasratym öz gussam biler,
Ýanyp bilmän, tüssäm bilen,
Köräp-köräp galdym, eje!

Aňladyp bilsem derdimi,
Agladyp biler her kimi,
Ejiz kyldylar merdiňi,
Har gül kimin soldum, eje!

Şadyýanlyk gelşigimdi,
Gussa ömre çilşirildi,
Wah, men başga Gülşirindim,
Bir bikarar boldum, eje!

Gülşirin Hanowa
6
77
🌺E🌺
17 Oktýabr 2022
👍👍👍👍👍
jemal_seyitniyazowa
17 Oktýabr 2022
Gülşirin Hanowa...♡
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.