Gülhan
17.10.2022 00:17
Çaga bolsaň,
Çyndyr öýtseň barlyga.
Dünýäň ýagdaýyndan habarsyz bolsaň.
Ýykylaňda, ýa ýyksalar aglaman,
Özüň ýene aýak üstüne galsaň ..
Ölçegsiz ömürüň agyr ýüküni,
Barmagyň ujundan pyrlap aýlasaň.
Ýer şaryň kiçijek şekiljigini,
Tigirläp, top edip, depip oýnasaň.
Ähli zatdan geçip ynanyp gezseň,
Ejeň bilen kakaň gerçekligine.
Olaň gürrüň berýän ertekisiniň,
Gahrymannyň bir gün geljekdigine.
Ynansaň....
Bolmasa artyk aladaň,
Bogulmasaň pikirleriň düýbüne,
Çaga bolsaň, galsaň çagalygyňa
Ulansaň bar zady öz bähbidiňe.....

Nowruz Garaýew
18
124
Myhman Myhman
22 Oktýabr 2022
Yazayyn senem bir zat yaza
Myhman Myhman
20 Oktýabr 2022
Gowy gosgy eken
Gülhan
18 Oktýabr 2022
kowser, salam onat ozunem onatmyn
🌺E🌺
17 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
atakulyyewa_humay
17 Oktýabr 2022
👏👏👏
ay_kiz_
17 Oktýabr 2022
❤❤❤❤
Begga99
17 Oktýabr 2022
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.