atakulyyewa_humay
16.10.2022 18:54
Salam mähriban agzalar we okyjylar! Biz size bu gezekki sanymyzda, dünýä baýdaklarynyň taryhy barada käbir maglumatlary size ýetirmek isledik.

🌍Adamlar baýdagy 4000 ýyldan gowrak wagt mundan ozal ulanyp başlapdyrlar.

🌏Weksillologiya-baydaklary öwrenýän ylym bolup, ilkinji dörän baýdaklar hem WEKSILOID (vexilloid) diýlip atlandyrylýar. Ol latyn sözünden gelip çykyp hem-de ,, ýol görkeziji " diýmekligi aňladýar.

🌎Ilkinji baýdaklar uzyn syryklara birikdirilen, ýüzüne oýulyp nagyş salnan metaldan ýa-da tagtadan bolupdyr. Takmynan, 2000 ýyl mundan ozal hem mata ýa-da şoňa meňzeş zatlaryň bölekleri bezeg üçin käbir baýdaklara çatylypdyr. Olar biziň häzirki görýän baýdaklarymyza çalym edipdir.

🎌 Öň baýdaklary diňe harby hem-de deňiz ýörişlerinde özleriniň kimdigini tanatmak, habar bermek üçin ulanan bolsalar, XVIII asyryň ahyrlarynda, millilik duýgusynyň ösmegi bilen, olara milli nyşan hökmünde garap başlapdyrlar.

🌐 Ilkinji milli baýdaklar hem şol wagt döräpdir. XIX asyryň dowamynda her bir garaşsyz ýurduň milli baýdagy bilen özüni tanyşdyrmagy ýörgünli bolupdyr.

Köp baýdaklaryň kese 🇺🇾 hem-de göni 🇲🇳 çyzyklary, ýyldyzlary 🇹🇻 ýaly esasy meňzeşlikleri bardyr.

Baýdakdaky reňkler hem wajyp bolup, her biri özboluşly aýratynlyga eýedir.

🟢 Ýaşyl reňk - üstünligiň, umytly bolmagyň alamaty;

🔴Gyzyl reňk - batyrlygyň, güýjüň alamaty;

⚪Ak reňk - parahatçylygyň we ylalaşygyň alamaty;

🟠Mämişi reňk - edermenligiň nyşany;

🟡Sary reňk - döwletliligiň alamaty.

Milli baýdaklardan başga-da raýat baýdaklary, söweş baýdaklary, deňizde ulanylýan baýdaklar, dini baýdaklar, demir ýolda ulanylýan baýdaklar hem-de syýasatda ulanylýan baýdaklar hem bardyr.




Dünýä baýdaklarynyň taryhy...
14
260
gozelka
18 Oktýabr 2022
Gaty gowy
tirkish
17 Oktýabr 2022
Salam
sahyrlar_we_men
16 Oktýabr 2022
🌜🌜🌜,Maýa06,yarys nahili gecdi?
Maýa06
16 Oktýabr 2022
Bolýa☺️
atakulyyewa_humay
16 Oktýabr 2022
Maýa06,Sorag-jogap başlaýar şoňa baraly
Maýa06
16 Oktýabr 2022
Salam gowy sen gowymy
atakulyyewa_humay
16 Oktýabr 2022
Maýa06,salam Maýa gowmy yagdaylarynyz?
Maýa06
16 Oktýabr 2022
🌜🌜🌜, Salam Humaý😄
atakulyyewa_humay
16 Oktýabr 2022
sahyrlar_we_men,Maýa06,Jeni,🤗🤗🤗
sahyrlar_we_men
16 Oktýabr 2022
Maýa06, haysy okuwa synanysyp görjek?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.