Paýtagtymyz Aşgabadyñ doganlaşan
şäherleri kimler?
Gen galyanyzmy?! Hawa, şaherlerin, şol sanda, bizin paytagtymyzynam doganlary bar. Şaherlerin doganlaşmagy biraz düşniksizrak bolsa gerek?!
Doganlasan şaherler bu birek biregin halkynyn durmusy, taryhy we medeniyeti bilen yakyndan tanyşmak maksady bilen durli ulgamlarda: medeniyetde, ylym bilimde,sportda we beyleki ugurlarda hemişe hyzmatdaşlykda bolan iki şaherdir. Taraplaryñ hyzmatdaşlyklarynyñ çaklerinde medeniýet, sungat wekilleriniñ birek birekde dürli çykyslary, teatr, kino eserleriniñ gorkezilişikleri, sport wekilçilikli toparlarynyñ gatnaşmagynda duşuşyklar, maslahatlar guralyp durulýar. Taryhy maglumatlara salgylansak ilkinji doganlaşan şaherler Ikinji jahan urşunda weyran bolan Kowentri (Beyik Britaniya) we Stalingrad (Hazirki Wolgograd) şaherleridir. Iñlisler oz doganlaşan şaherlerine ýuzunde ,,Ullakan gynançdan kiçijek kömek gowy" diýip ýazylan desterhany hemde ýerli halkyñ yygnan goldaw serişdesini sowgat edýarler. Olara şol uruşda ejir çeken Dižon, Turin we Ottawa şaherleri goşulýarlar.
1957-nji ýylyñ 28-nji aprelinde doganlaşan şaherleriñ Bütindünýa guramasy doredilip, ol Fransiýanyñ Eks-le-Ben şaherinde ýerleşýar. 1962-nji ýylda guramanyñ teklibi bilen her ýylyñ aprel aýynyñ sonky ýekşenbesinde Bütindünýä doganlaşan şaherleriñ günini bellemek kararyna gelinýar.
Mermer şaherimiz Aşgabadyñ hem dünýaniñ dürli künjeklerinde doganlary-doganlaşan şaherleri bar. 1974-nji ýylda Mali dowletiniñ paytagty Bomako şaheri Aşgabadyñ goganlyk şaheri bolýar. 1990-njy ýylda bolsa, şeyle gatnaşyklar ABŞ- nyñ Albukerke şaheri bilen ýola goýulýar.
Paýtagtymyzyñ doganlaşan şaherleriniñ arasynda Özbegistanyñ paytagty Daşkent şaheri esasy orunda durýar. Bu şaher bilen Aşgabat 2017-nji ýylda ,,doganlaşdy". Täjigistanyñ paytagty Duşenbe şaheri, Gyrgyz Respublikasynyñ paytagty Bişkek şaheri paýtagtymyzyñ doganlaşan şaherleridir. Şonuñ ýalyda durli ýyllarda Aşgabat Türkiýanyñ paýtagty Ankara, Hytayyñ Lançjou şaheri, Gresiýanyñ paýtagty Afiny we Ukraýina Respublikasynyñ baş şaheri Kiýew bilen doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.
Garaşsyz diýarymyzyñ paýtagtynyñ doganlaşan şaherleriniñ sanawy ýyl geldikçe artýar.