sahyrlar_we_men
15.10.2022 22:26
Küteklik

Durmush kämil dälmi?
Ya-da adamlar?
Yygnaklarda orta atylsa teklip,
Ähli yitilikleñ örküne agzy,
Synan palta bolup, uryar küteklik.

Hayran galaymaly!
Nirede bolsun,-
Ol yitilik bilen geçir sözüni ,
Yok. Küteklik kesip bilmäni üçin,
Yykyp-yumrup, ykrar eder özüni.

Ol seyle basarjañ seyle bir ussat-
Umuman, öñünde durmak juda kyn,
Walla, gür tokaya taslaysañ shonam,
Kütekligi bilen çapmagy mümkin.

Öñde-soñda düsünmeli ahyry!
(Muny wagtal-wagtal boynam alyarys)
Yitiligi ulanmaly wagtymyz,
Kütekligi aylap-aylap salyarys.

Ol saññy dislerin syrtardyp çala,
Haybat atanynda kötekli güne.
Oturanlar duyman ellerin çaprap,
Onuñ örän yiti kütekligine.

Ol özüniñ kütekligin bilmez hiç,
Bar bolsa-da su gürrüñ bar tarapda.
Mundan uran kütek gyljynyñ ujy,
Nämeçündir shañlar durar arapda.

Emma kütekligiñ bir täleyi bar:
Ol sapyndan sypar gider iru-giç,
Yöne hyjuw bilen kütekligini,
Ykrar eder yere düsherne deñiç.

Yazan: Gurbannazar Ezizow.
6
66
atakulyyewa_humay
16 Oktýabr 2022
👍👍👍
Begga99
16 Oktýabr 2022
Zolotoy
Lady
15 Oktýabr 2022
😉
sahyrlar_we_men
15 Oktýabr 2022
Lady, meñem🙂
Lady
15 Oktýabr 2022
👍Gurbannazar Ezizow meniñ gowy goryan şahyrym👍👍☺
🌺E🌺
15 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.