Salam mähriban agzalar we okyjylar! Biz siziň bilen bu gezekki sanymyzda iň gysga geografik atlary size ýetirmegi makul bildik. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň!
🇸🇯 Norwegiýada ,,A" atly şäherçe;
🇬🇧 Beýik Britaniýada uzynlygy 10 km bolan ,,E" atly derýa bar.
🇸🇪 Şwesiýada 200 adam ýaşaýan ,,A" atly oba we ,,Ýu" atly şäherçe;
🇲🇫 Fransiýada ,,I" atly oba bolup, onuň ilaty 143 adam. Bu ady 1241-nji ýyldan bäri göterýär.
🇧🇪 Belgiýada ,,E" atly şäherçe;
🇩🇰 Daniýada Fyon adasynda ,,A" atly oba;
🇯🇵 Ýaponiýada Soseý diýen şäher bolup, oňa kähalatlarda ,,O" diýilýär.
🇹🇼 Mýanma döwletinde ,,E" atly şäher bar.
🇺🇸 ABŞ-nyň Oregon ştatynda uzynlygy 130 metr bolan ,,D" atly derýa we Günbatar Wirginiya ştatynda ,,6" atly geografik at bardyr.
🌏 Ýuwaş okeanyndaky Karolin adasynda ,,U" atly şäherçe bar.
Taýýarlan: Humaý Atakulyýewa