violinist
15.10.2022 09:35
Barymdan bazar eýledim,
Käte kemsindim ýoguma.
Bir gün duýgularmy bogup,
Ýanasym geldi ýoguna.

Göwnüme hile gurdurdym,
Urdurdym ýodany, ýoly.
Ähli kişä gyýa bakdym,
Ählisi kastymda ýaly.

Jan berjekdim jan berene,
Janyn berjek tapylmady.
Görmesem diýdim dünýäni,
Göreçlerim gapylmady.

Elden gelse, hemmäñ derdin
Bir demimde ýakjakdym men.
Çoýunara ot boljakdym,
Derýa bolup akjakdym men.

Ata pendin dogry tutup,
Aglatmajakdym enemi.
Jahana şatlyk berjekdim,
Özüm aljakdym elemin.

Ýol tapjakdym ýüreklere,
Mätäçlere gol berjekdim.
Diñe ýeke gyzy söýüp,
Diñe şoña ýalbarjakdym.

Gol buladym salgyma kän,
Elim ýetmedi belende.
Wah, şo mahal ýok ekenim,
Bagt gapym kakyp gelende.

Etsem-petsem kändi juda,
Juda-juda kändi olar.
Ýöne ömrümiñ güýzünde
Ýaprak bolup tändi olar.

Her arzuwmy durmuşyma
Geçirmäge gyssanardym.
Arzuw arzuwlygna galdy,
Wah, ýeñildim gussalardan...

Dat-bidat gygyrdym ençe,
Tapylmady sesim eşden.
Onsoñ zary-zar ýygladym,
Sesimi gizleýip içden.

Tapmakdan umydym üzdüm,
Nirde şatlyk, nirde gowluk?..
Ahyrsoñy bilip galdym
Ýalñyşanmy döräp - doglup.


Sapa Hommadow
10
68
atakulyyewa_humay
16 Oktýabr 2022
👍👍🤗🤗
Myhman Myhman
15 Oktýabr 2022
Her setiri içiňden geçýä

Bah🔥
🌺E🌺
15 Oktýabr 2022
👍👍👍
Myhman Myhman
15 Oktýabr 2022
Bravo gaty gowy gosgy
Lilia_
15 Oktýabr 2022
👍👍👍
Perishdejik
15 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
angelinka
15 Oktýabr 2022
Gaty gowy

Gaty gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.