atakulyyewa_humay
14.10.2022 21:24
Salam mähriban agzalar we okyjylar! Biz size bu gezekki sanymyzda köller barada käbir gyzykly maglumatlary size ýetirmek isledik.

🌏 Köl bu näme?! Gury ýerde suw ýygnan tebigy oý ýere köl diýilýär.

🌍 Kölleri öwrenýän ylma-Limnologiýa diýilýär. Bu ylmyň düýbüni tutujy şweýsariýaly alym Forel Fransua Alfons hasaplanýar.

🌎 Häzirki wagtda ýer ýüzünde 5 million töweregi köl bardyr.

🌏Ýer şarynda ähli kölleriň tutýan meýdany 2,7 million km kwadrat (ähli gury ýeriň 1,8 %). Bu bolsa Gazagystan döwletiniň meýdanyna deňeçerdir.


🌍Ýer ýüzünde iň uly köl Hazar (Kaspi) bolup, tutýan meýdany 371 müň km.kw.


Köller...

🌎Iň çuň we iň süýji suwly köl ýer ýüzünde Baýkal kölidir. Tutýan meýdany 31,5 müň km kw. Iň çuň ýeri 1642 m bolup, 336 derýa gelip guýýar.



🌏 Dünýäde iň arassa köl Ýaponiýa döwletinde ýerleşýän Maşu köli hasaplanýar. Onuň suwy Baýkal kölinden hem arassadyr. Çuňlugy bolsa 40 metr.



🌍 FINLÝANDIÝA döwletiniň territoriýasynyň 10% köller tutýar.




🌎 Deňiz derejesinden iň beýikde ýerleşýän köl Titikaka kölüdir. (3812 metr)



🌏 Ýer ýüzünde Hilyer köli ýeke täk gülgüne reňkli köldür. Bu täsin köl Awstraliýanyň Reşerş arhipelagynda ýerleşýär.



🌍Ýer ýüzünde iň köp we iri köller bolsa Kanadada ýerleşýär.



🌎Eýsem, siz Meduza köli diýip eşidipdiňizmi?! Bu köl Paulu döwletinde ýerleşýär. Bu köl meduzalaryň iň toplanan ýeri bolup, kölüň ady hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.Bu ýerde takmynan 2 milliondan gowrak meduzalar ýaşaýar.



🌏 ABŞ-nyň Minnesota ştatynda 150-den gowrak köl bolup, olar ,,Uzyn köller " diýip atlandyrylýar.



🌍 Täsin kölleriň biri Trinidad adasynda ýerleşýän köldir. Bu kölüň aýratynlygy onuň aşagynyň durşuna asfalt bilen örtülen bolmagydyr



🌎Biz köl diýilse hökmany onda suw bolaymaly diýip düşünýäs. Ýöne käbir köllerde bolsa suw bolmaýar. Olar-da hem suw bar, ýöne olar bellibir döwürde guraýarlar.

🌏 INDONEZIÝADA 3 reňkli köl bar. Bu kölüň suwynyň reňki mawymtyl-gök, gyzyl we gara reňkler bilen çalşyrylyp durýar. Bu köl wulkanik kölleriň biridir



🌍 Ýer ýüzünde ýeke täk akula ýaşaýan köl -Nikaragua kölüdir.

18
234
Maýa06
16 Oktýabr 2022
menesa___,adyň näme😊
atakulyyewa_humay
16 Oktýabr 2022
dream_,menesa___, Sağ boluňlar❤️❤️❤️
SerdarMyradov
15 Oktýabr 2022
🌜🌜🌜,⚘⚘⚘
atakulyyewa_humay
15 Oktýabr 2022
SerdarMyradov,Spasibo 🤗
SerdarMyradov
15 Oktýabr 2022
like👍
atakulyyewa_humay
14 Oktýabr 2022
Ýalta, Spasibo 🤗
Maýa06
14 Oktýabr 2022
🌜🌜🌜,hawwa gowy ýöne indi çärýek gutarýa diýäýmeseň
Ýalta
14 Oktýabr 2022
Super😊
atakulyyewa_humay
14 Oktýabr 2022
sahyrlar_we_men, Sağ boluň 🤗🤗🤗
sahyrlar_we_men
14 Oktýabr 2022
🌜🌜🌜,salam peydaly post.🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.