sahet_ashyrov
01.03.2020 13:08
Şahyr sen (Gurbannazar Ezizowa bagyşlanýar)

Wasp edip ömrüñde paslymyz güýzi
Öçmejek yzlary goýan şahyr sen
Bu gün türkmen ilim ýatlaýar seni
Ýüreklerde Gurbannazar Eziz sen

Şygyrlaryña döräp ençe aýdymlar
Okaýar goşgularyñ bu gün jahyllar
Doglan günüñ bellap bütin türkmenler
Öçmejek yz goýan beýik şahyr sen

Ýaşan ömrüñ döredi müñ eserler
Wasp edip ýaşaýşy, söýgi, şatlygy
Watanmyzy, garrylygy, ýaşlygy
Ýüreklere hemra bolan şahyr sen

Sazlaryn döretdi Nury Halmämmet
Aýtdy sesin ýetdiginden bagşylar
Aýtdy köpün Atageldi Garýagdy
Aýdymlary döreden beýik şahyr sen

Awtory: özüm
8
732
gulshatayewa97
1 Mart 2020
Gowy düzüpsiňiz?
Myhman Myhman
1 Mart 2020
YUREKLERDE GURBANNAZAR EZIZ SEN...GATY HALADYM GALAMYN UJY YITI BOLSUN...SAHYR YATAN YERIN YAGTY BOLSUN
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.