angelinka
14.10.2022 14:31
Kitap, bu tölegi we minnetdarlygy talap etmeýän mugallymdyr. Ol islendik wagtda adama gerekli bolan akyl---paýhasy berip bilýändir.

ARISTOTEL

Okamak --- bu entek ylym öwrenmegiñ esasy açary däl, ylym öwrenmegiñ esasy açary kitaby okap, ony doly we dogry öwrenmekdir.

Abu Abdyrahman Abdylla ibn
Mübärek MERWEZI

Adamyñ durmuşynda bolup geçýän wakalar tiz unudylýar, kitapda beýan edilýän wakalar bolsa ömürlik galýar.
Altyndan gymmatly kitaplary ýygnamak gowy iş, ýöne olary okap özleşdirmek hem gerekdir.
Kitap päkize, rehim-şepagatly özbaşdak bir dünýä bolup, biz olaryñ arasynda ýaşap we bagtly bolup bileris.
Jahanda kitap dek mährem dost bolmaz.

Kitapdyr ynsanyñ baky hemrasy,
Oñarsañ bolgun sen şonuñ gümrasy.
Kitap dostdur, asla gama batyrmaz,
Pähimiñi goýaldar, pikirleñ şasy.

Kitaby köp okaýan adam hemişe we her ýerde dürli kynçylykdan ýeñillik bilen geçip biler.
Kitap bilen söhbetdeşlik iñ ýokary derejeli we hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak adam düşünjesiniñ öñe gidişligidir.
Ýazyjynyñ tüýs ýürekden ýazan her bir kitaby onuñ iñ mukaddes oý-pikirleriniñ hamyrmaýasydyr.
Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, täze dost tutunýan ýaly, ýene gaýtalap okanymyzda, köne dostumyza duşan ýaly bolýarys.
Diñe durmuşyñ manysyny öwredýän we adamlaryň arzuwlaryna düşünmäge kömek edýän kitaplary okamalywe olara hormat goýmaly.

Wasiliý SUHOMLINSKIÝ

Kitaby söýüñ, ol siziñ durmuşyñyzy ýeñilleşdirer, çylşyrymly duýgularyñ, wakalaryñ çözgüdini tapar, özüñize we adamzada hormat goýmagy öwreder.
Kitaplar bizi iñ gowy jemgyýete äkidýär we ähli döwürleriñ akyldarlary bilen tanyşdyrýar.
Awtor kitaby döredýär, okyjy bolsa onuñ ykbalyny kesgitleýär.
Eger gowy kitaba syn ýazylmaýan bolsa, tankyt oña haýran galyp dymýandyr.
Ynsan --- bu üýtgeşik kitapdyr, ony okap bilmek üçin aşa sowatly bolmak zerurdyr.

Hormatly agzalar sizden haýyş post paýlaşanyñyzda bolgusyz zatlar goýmañ. Iñ esasy özüñiziñ, deñ-duşlaryñyzyñ halaýan, agzalaryñyzyñ göwnüne ýaraýan postlaryndan paýlaşyñ
3
110
angelinka
14 Oktýabr 2022
🌜🌜🌜,Dogry aytyan

Bitter,Gepine gosulyan
atakulyyewa_humay
14 Oktýabr 2022
Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy...
angelinka
14 Oktýabr 2022
ideallider,sag bol. Gowunlik berenin un. Sn dusundin mna gaharjanlygym dogry🤭

garajaoglan,Kejeklesmane wagtym yok sna
ideallider
14 Oktýabr 2022
angelinka, bolýala gyzmalyk etme. Herkim öz pikirini teswirlärdä. Öz-pikiriňi aýtmak ýalňyşlykdäl ahyry. Özüň hem gaharjaň. Dogrysy hergesek saňa ýazanymda çekinip ýazýan. Çala birhili düşünişmezlik bolsa size ýazmagymy bes ederin! Howwa herkimiň "Ýazaýda" diýip gözi-gaşy çekipduranok. Ýöne şondada aktiw-habarlaşylsa gowyda "Hä-hm" diýilmän🙂
angelinka
14 Oktýabr 2022
Agzalar hayys szdn yazan postymy hasap etmediksireman bolyamy

garajaoglan,Sn mlds
ideallider
14 Oktýabr 2022
angelinka, mbäh geň galdym🤔👍garajaoglan, howwa menem şuwagt prinsiplerimi dörüp-otyryn😕
angelinka
14 Oktýabr 2022
garajaoglan,dusunmedim

garajaoglan,edil sn postlaryn oz pocerkinde yazyan yaly gepeldinlay
angelinka
14 Oktýabr 2022
ideallider, ozumin yazanym in sonkusy. Beylekilerini gunesden yazdym

Kitaby soyun diyen yerinden baslaya mn yazanym oz sozum
ideallider
14 Oktýabr 2022
Özüň ýazdyňmy ýa kopýaladyňmy!?👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.