dream_
14.10.2022 09:13
XIX asyrda Şweýsariýada dogulýan her bäş çagadan biri bir ýaşyny hem doldurman aradan çykýardy. Şeýle gözgyny ýagdaýyň gözli şaýady bolmak Genrih Nestle üçin juda agyr degipdir. Onsoň, ol özüniň bar wagtyny çaganyň iýmitlenişini öwrenmäge sarp edipdir. Şeýlelik bilen, çaga ilkinji aýlarda goşmaça iýmit bolup hyzmat etjek süýt aşyny öndürmegiň hötdesinden gelipdir.

Şol döwürlerde hamyla bir zenan agyr kesele uçrap, çagasy wagtyndan ir doglupdyr. Göýdüjek bolup dünýä inen bäbejik enesini-hä bir emmändir, goşmaça berilýän iýmitleri hem kes-kelläm kabul etmändir. Hiç kimde onuň ýaşajagyna bolan umyt galmandyr. Ine, Nestle özüniň öndüren süýt aşyny 1867-nji ýylda ilkinji sapar bäbejik Wannere iýdirmek arkaly ony ölümden halas edipdir.

Nestläniň açyşa barabar şol önümi lukmandyr bilermenleriň goldamagy hem-de maslahat bermegi bilen tutuş Şweýsariýada, soňundan bolsa Ýewropada we dünýäniň çar künjeginde meşhurlyk gazanypdyr. Bu önüm ene süýdi bilen iýmitlenmäge ukypsyz nijeme çagalaryň dadyna ýetişipdir.

Nestle öz şereketine hem-de şereketiň brendine at hökmünde familiýasyny goýýar. Galyberse, «nestle» sözi nemes dilinde höwürtge diýmegi hem aňladýar. Şoňa görä, brendde höwürtgesinde jüýjelerine iýmit berýän guşuň suraty şekillendirilýär.
34
163
Döwran_77
29 Oktýabr 2022
dusia_maksatmyradowna,hakyky malades
Dusia
15 Oktýabr 2022
Gynansakda häzirki eneler tebigy, çykdaýjysyz özünden önýän iň gymmatly önümiň deregine şu tip önümleri berenlerini gowy görýär. 6 aýdan kiçi çagalara ene süýdünden başga goşmaça emeli süýt önümleri bermek bolanok! Elbetde ýokarda agzalan çykgynsyz ýagdaýlar bolmasa ( enesi bolmasa) ...
Myhman Myhman
15 Oktýabr 2022
Sebabi onler kop caga bolyanyn alamaty hazir bolsa yewropada 2 den kop caga bolanak sonun ucin logotipinda 2 juyje yerlesdirilen
wolf
14 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
ideallider
14 Oktýabr 2022
Logosynda öňler meň hasabymdan jüýje köpdi🙂👍
atakulyyewa_humay
14 Oktýabr 2022
Täsin we gyzykly maglumat ekeni 👍👍👏🌟🌟
Myhman Myhman
14 Oktýabr 2022
Örän gowy👍😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.