Goý, bilsinler seniň aşygymdygňy,
Göwünli däldigiň özge ýarlara.
Çekinme-de, tanat bu gün özüňi
Goşgulamdan seni “gözleýänlere”.
Aýdyň bol! Tegmilsiz duýgulaň ýaly
Gizlensin kalbynda nogsanlyk ba:rlar.
Diýsinler: “Jümri deý bukdaklamakdan
Olar juda başga-başga ynsanlar”.
Şeýle bir söý, gorkma bozular öýdüp
Mukaddes saýylan söýginiň çägi.
Eger yşkda bolan bolsady serhet,
Döremezdi munça şygyrlaň käni.
Aýt söýgüsiz pursadymyň ýokdugyn
Peşgeş edýän her gününde ömrümiň.
Paş et ýetmezini artygym bilen
Bir ýalňyş sebäpli sarsan göwnümiň.
Gizleme ummanlar sygan kalbymda
Käte ornuň bolmaýşyny bir damja.
Şonda seniň gursagyňa ýassanyp,
Hamsygýanym säher Güneş dogýança.
Hem-de adamlaryň göreçlerine
Ýük bolmajak bolup, uzakly günläp
Köçeleri penjireden synlaýşym
Aýt, täzelik däl-de, bolandygny däp.
Hatda ýazanlarmy okajaklara
Agram düşmeginden howatyrlanşym.
Bilýänsiň kitaba netlä:n işlermi
Ýekeje şygyra sygdyrjak bolşum.
Goý, bu gün goşgymdan seni gözlänler
Bilsinler ömürlik gerekdigiňi.
Emma ýeke zady aýtma, gadyrlym:
Melekdigiňi…
Gurbanjemal ANNAKOWA