Näme üçin «V» şekilinde uçýarlar?
Güýz aýlarynda asmana seredenimizde uçup barýan göçegçi guşlaryň «V» şekilini emele getirendigini görýäris. Alymlar bu meseläniň üstünde köp barlag geçirdiler.
Täze geçirilen barlaglar guşlaryň ganat kakmasyndaky sazlaşygyň olaryň güýjüni tygşytlaýandyklaryny subut edýär. Guşlar belli bir tertibe görä, hatarlanyşyp uçýarlar we howada «V» şekilini emele getirýärler. Öňdäki uçup barýan guş ganatlaryny kakanda, howa ýokary galýar. Şonuň netijesinde döreýän howa akymy yzyndan uçup barýan guşlara uly ýeňillik döredýär.
Olar mahal-mahal öz orunlaryny çalyşýarlar. Ýagny öňde uçup ýadan guşlar yza geçýär. Şol bir wagtyň özünde guşlar biri-birleri bilen çakyşmazlyk üçin öňdäki barýan guşuň ganat kakyşyna görä hereket edýärler. Bu guşlar üçin şeýle tertibe görä uçmak aňsat bolýar. Şeýlelikde, olar sarp etmeli güýçlerini 23 göterim azaldýarlar. Bu ýagdaý hem olara gerekli bolan uzak aralyklara uçmaga ýardam berýär. Uzak aralyklara uçmak hem olaryň ömürlerini uzaldýar.