Perishdejik
13.10.2022 22:32

6)Bilşimiz ýaly, Atakama çöli dünýäniň iň gurak ýeridir. Bu ýerde 80 mm-e barabar ýagyn ýagdy. Netijede, Atakama çölünde görlüp-eşidilmedik 200 töweregi ösümliklerdir güller ösüp ýetişdi.
7)Dünýäde adama juda meňzeş bolan «Ameka» atly robot ýakyn wagtda Dubaýdaky geljegiň muzeýine işe alnar. Bu robot ýüzünde dürli duýgulary, ýagny gülküni, gynanjy beýan etmäge we adamlaryň keýpiniň nähilidigini kesgitlemäge ukyplydyr.

8)Rus howany öwreniji alymlaryň ylmy barlaglarynyň netijelerine görä, soňky 20 ýylyň dowamynda buzluklaryň eremegi bilen, dünýä ummanlarynyň möçberi 2,2 mm ýokarlanypdyr.

9)Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýäniň iň garry iti diýlip yglan edilen Pebbls lakamly it 22 ýaşynda dünýäden ötdi.

10)Amerikaly işewür, dünýäniň iň baý adamsy Ilon Mask telekeçiliginiň gerimini giňeldýär. Onuň täze döreden «Burnt Hair» atly atyry az wagtyň dowamynda dünýäniň iň meşhur önümleriniň birine öwrüldi. Maskyň atyryny birnäçe günüň dowamynda 10 müňden gowrak adam sargyt edipdir.

Terjime edilende «ýanan saç» diýen manyny berýän atyr özboluşly ysy we durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Maskyň täze önüminiň bahasy 104,95 ýewro barabardyr.
18
159
Myhman Myhman
14 Oktýabr 2022
Onat
melek06
14 Oktýabr 2022
Myhman Myhman,Salam
ideallider
14 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, Salam
Myhman Myhman
14 Oktýabr 2022
Salam
🌺E🌺
14 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Perishdejik
14 Oktýabr 2022
Maýa06,gelendede aldyrtmaya ol🤦🏻‍♀️melek06,👍🏻ideallider,👍🏻👍🏻
ideallider
14 Oktýabr 2022
Perishdejik, şonsuzam saç deňletmäne baramda "Inim ýüzüň gylyny ýakaýynmy" diýende "Maýmyna meňzäýin ýöne degme" diýip gaýdýan. Siz gyzlar bilýändälsiňiz, ýöne biz oglanlar ýüzümizi oda ütdürsek azyndan üç-gündagy ýanan gylyň ysy burnumuzdan gidenok😩
Maýa06
14 Oktýabr 2022
Perishdejik, aý bize gelýänçä 2030 dagyn bolaýmasa😂😂😂
melek06
14 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
Perishdejik
14 Oktýabr 2022
Maýa06,dream_,👍🏻👍🏻ideallider,2023 de satuwa goyberilya nesip etse sepip gorersiniz🤭
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.