Salam mähriban agzalar we okyjylar! Biziň hemmämize geografiýa dersinden mälim bolşy ýaly her bir materigiň we her bir dünýä bölegiň iň beýik nokatlary, ýagny iň beýik gerişleri bolýar. Olaryň atlaryny hemmämiz hem mekdep döwrümizde öwrenip geçipdik. Ýöne iň beýik nokatlara ilkinji bolup kimlere çykyp bilmek başartdyka?! Ine, bu sorag hemmämize gyzykly bolsa gerek?
1.Ýewropanyň iň beýik nokady Alp dagynyň Monblan gerşi (4807 m ýa-da 4810 m) hasaplanýar. Oňa ilkinji bolup Ženewa şäherinde dünýä inen Oras Benedikt Sossyur (1740-1799) 1787-nji ýylyň 2-nji awgustynda çykýar.
2.Aziýanyň we şol sanda Ýer ýüzüniň iň beýik nokady Gimalaý dagynyň Jomolungma (Ewerest) gerşidir (8848 m).Bu gerşe ilkinji bolup täze zelandiýaly Edmund Hillari (1919-2008) we nepally Tensing Norgeý (1914-1986) bilen 1953-nji ýylyň 29-njy maýynda ilkinji bolup çykdylar.
3.Afrika materiginiň iň beýik nokady Kilimanjaro sönen wulkany (5895 m) bolup, oňa ilkinji bolup germaniýaly Gans Meýer (1858-1929) we awstriýaly Lýudwig Purçeller (1849-1900) bilen 1889-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda bilelikde çykdylar.
4.Demirgazyk Amerikanyň iň beýik nokady Kordilyer daglarynyň Denali (Mak-Kinli) gerşi (6194 m) hasaplanýar. Russiýaly Ferdinand Petrowiç Wrangell (1796-1870) 1830-njy ýylda Demirgazyk Amerikanyň iň beýik nokadyna çykýar.
5.Günorta Amerikanyň iň beýik nokady And dag ulgamynyň Akonkagua gerşi (6960 m) hasaplanýar. Bu gerşe ilkinji bolup çykan şweýsariýaly Mattias Surbriggen (1856-1917) 1897-nji ýylyň 13-nji fewralynda çykmak başardypdyr.
6.Dünýäniň iň kiçi we gurak materigi hasaplanýan Awstraliýanyň iň beýik nokady bolsa Uly Suwaýryt dag ulgamyndaky Kossýuşka dagy (2228 m) hasaplanýar. Bu daga ilkinji bolup polşaly Pawel Edmund Strşeleskiý (1797-1873) 1840-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda ilkinji bolup çykdy.
Taýýarlan: Humaý Atakulyýewa