Dünýäde iň halaýan adamym
Bir akyldardan:
–– Dünýädäki iň halaýan adamyňyz kim? –– diýip sorapdyrlar. Olam:
–– Tikinçim –– diýip jogap beripdir. Sowal berenler geňirgenip:
–– Halypa, dünýäde başga adam gytmy? Näme üçin ala-böle tikinçini halaýarsyňyz? –– diýip soralarynda, akyldar şeýle jogap beripdir:
–– Hawa, dostlar! Men tikinçini halaýaryn. Sebäbi her gezek baranymda, ol meniň ölçegimi alýar. Emma başga adamlar welin beýle däl. Men hakda ilki başda nähili netijä gelen bolsalar, tä ölýänçäler şol göz bilen garaýarlar, şol ölçeg esasynda hereket edýärler.