Ýylan gawuny barada bilýäňizmi?
Ýylan gawuny daşky keşbi boýunça hyýara meňzeýär. Bu sorta başgaça ermeni hyýary hem diýilýär.
Ýylan gawunynyň baldaklarynyň uzynlygy 1,5 metre barabar bolup, egrelip ösüşi ýylany ýatladýar. Gülleri sary reňkli we bir jynsly bolýar, güllemek döwri maý aýynda başlap awgusta çenli dowam edýär.
Uzyndan inçe miweleri örän şireli bolup, jöwzaly yssyda suwsuzlygyňy gandyrmak üçin oňat azyk önümi bolup hyzmat edýär. Bişmedik miweleri ýaşyl reňkli, bişenden soňra sary reňke öwrülýär. Ýylan gawunynyň tagamy şireli bolsa-da, ysy hyýaryň ysyny ýatladýar.
Gawunyň bu görnüşini ösdürmek beýleki sortlardan tapawutlylykda kän zähmeti talap etmeýär. Bir gije-gündiziň dowamynda gyzgyn suwa ýatyrylan tohumlar temperaturasy 14 derejeden pes bolmadyk topraga oturdylýar. 6 – 8 günden soň tohumlar şineläp başlaýar. Tohumlar maý aýynyň başynda 5 santimetr çuňlukda ekilýär. Tohumlaryň aralygy 50 santimetr, hatararasy bir metre barabar bolmalydyr.
Ol kän idegi talap etmeýär. Tomsuň dowamynda 2 – 3 gezek suwaryş we haşal otlardan arassalama işlerini amala aşyrmak ýeterlikdir. Bu gawun sortunyň zyýankeşleri azdyr. Häzirki wagtda ýeke-täk mälim bolan zyýankeşi – şirejedir. Ony şirejeden arassalamak üçin sogan erginini ulanmak maslahat berilýär.
Halk lukmançylygynda onuň guradylan paçagy öt haltasyndaky daşlary aýyrýan melhemlik ergini taýýarlamakda, miwesiniň düzüminde saklanýan organiki kislotalar içege keselleriniň öňüni almakda peýdalanylýar.