Söweşijilerimiz sözler bolsa-da, diňlemek galamyzdyr....
«Diňle» – özi şübhesiz ählimiziň kiçiligimizden bäri iň köp eşidýän sözlerimizden biri bolsa gerek. Käwagt oturyp «Biri-birimizi hakykatdanam hakyny berip diňleýärismi?» diýip pikirlenip görmegimiz gerek. Häzirki wagtda düşünişmezligimiziň arkasynda birek-biregi diňläp başarmaýanlygymyz ýatyr.
Doktor Lyman K.Steile-niň pikirine görä, diňlemek – bu informasiýany eşitmek, soňra kellede teswirlemek we jogap bermek ýaly ädimlerden ybaratdyr. Biz bolsa soňky ädimi birinji ýerine ýetirip, doly diňlemän derrew jogap bermek isleýäris. Netijede bolsa düýbi ýalňyş tutulan binanyň ilkinji howp-hatarda ýykylyşy ýaly, gepleşigimiz hem düşünişmezlik bilen tamamlanýar.
Öz pikirimizi beýan edýärkäk näçe köp söz sözlesek garşymyzdaka şonça-da täsir ederis öýdüp pikir edýäris. Emma diňleýji özümiz bolanymyzda uzyn sözlemlerden çalt ýadap, sözüni bölüp gürlemekçi bolýarys.
Diňlemek prossesinde ýadymyzdan çykarýan bir zadymyz bar: söweşijilerimiz sözler bolsa-da, diňlemek galamyzdyr.