Begga99
10.10.2022 21:24
Hemme adam arzuw edýär dünýäde
Kimsi maşyn rysgal-döwlet ýa-da pul
Garyp çagy gezip ýör ol gaýgyda
Pikir edýär baýlañ ömri göýä gül

Ýöne hakykatda beýle zat ýokdur
Hemme kimiñ bir ýetmezi bar mydam
Eger baýlyk bolsa,saglygy ýokdur
Ýa-da başga zatdan çekýandir zyýan

Arzuw edip durmuşyñ iñ süýjüsin
Arzuwlaryñ soñunada çykan ýok
Çünki arzuw sen dünýäniñ güýjüsiñ
Arzuwsyzam bu dünýäde ýaşan ýok

Şonuñ üçin her kim etmeli şükür
Özündäki bar bolan baýlygy bilen
Baýlyk pullur diýip etmäñ siz pikir
Uly baýlyk ene-atañ barlygy...

Awtory: Begmyrat Rejepow.
9
121
Abat_
11 Noýabr 2023
Ene atanyň barlygynyň özi ynsany köp zatdan saklaýar. "Ene atanyň gadry ölenindeň soň bilner" sözüniň şaýady bolmak däl-de barka gadryny bilenlerden bolmagymyz gerek aslynda)
Abat_
11 Noýabr 2023
Gidip dünýädäki ähli çagalara: " Ene atasyz asla bolmaz, gadryny biliň" diýesiňiz geler. Bular hemmesi däl. Özüňize mundan has erbet, has gorkunç bolup biljek ýagdaýlary gürrüň beriň.
Abat_
11 Noýabr 2023
Öýe geleniňizde hemişe berýän"Ejem nirde?" soragynyz jogapsyz galar. Ejeňiziň ýada kakaňyzyň belgisinden indi jaň gelmez. Hiç kim jogap bermejegini bilseňizde, belgisine jaň edeniňizde her bir giden gudogy "alar"umydy bilen diňlärsiňiz.
Abat_
11 Noýabr 2023
Dostlaryňyz ene atalary tarapyndan söýülen pursadynda duýan kemçiligiňizi hiç kime düşündirip bilmersiňiz, damagyňyzdaky dügün geçmegiň ýerine barha ulalar. Ana şonda dügün nämedigini bilersiňiz.
Abat_
11 Noýabr 2023
Daşary çykanyňyzda ýyly geýnip çykmaga mejbursyňyz, sebäbi size bu barada ýatlatjak ene ataňyz bolmaz. Biri göwnüňize degse olar bilen özüňiz göreşersiňiz, sebäbi arkaňyzda durjak kakaňyz ýok. Ejeňize alyp bermedik güllerňizden gülzarlyk döretseňizem, ony yzyna alyp bilmersiňiz
Abat_
11 Noýabr 2023
Olary ömrüňiz soňuna çenli görüp bilmersiňiz. Sizi balam diýip çagyrjak adamlar bu dünýäde bolmaz. Olara hemişe soňa süýşürip gelýän "Men sizi gowy görýän" sözüni indi hiç haçan aýdyp bilmersiňiz
Abat_
11 Noýabr 2023
Özüňizi sanlyja minut ene atasyz göz öňüne getirip görmek gaty agyr ýagdaý.Dünýäňiz şeýlebir boşap galar welin hatda biygtyýar gözüňize ýaş geler.
Abat_
11 Noýabr 2023
Ene atalaň orny gadyrsyzlaşýan döwürde, bu mesele gaýta we gaýta gozgalsa kem bolmaz
Abat_
11 Noýabr 2023
Men motiwasiýany abraýly, gurply adamlardan däl-de, ejesi ýa-da kakasy ýok bolup dik aýak üstünde gezýänlerden almak isleýän. Olar hakyky gahrymanlar
Abat_
11 Noýabr 2023
Baýamagyň syrlary, milliarderleriň durmuş ýollary, Häzir halk tarapyndan iň köp okalýan, talap edilýän kitaplar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.