zohre_yyldyz
10.10.2022 18:35
Ömrizaya
AÝBAHAR
― Özümi bilipugralym bäri, binagär bolmaklygy höwes edip ýörenem
bolsam, elbetde, elinjek bagşyly bolasy gelendir-dä, aýdym-sazy gowy görýändigi
üçin, sekizinji synpy tamamlanymdan, kakam meni gatnaşyp ýören bagşysazandalarynyň üsti bilen, tas, synagsyz diýen ýaly, Aşgabatdaky sazçylyk
uçilişşesiniň aýdymçylyk bölümine okuwa saldy ― diýip, Mähti aga öz ömür
beýanyna başlady. — Dogry, dostlarynyň arasynda oňa: «Mürzemuhammet, ogluň
aýdym-saz ugrundan sowad-a alar, nota-da öwrener, «pilliň-pilliň» edip, dik-durma
bagşylar üçin döredilýän aýdymlary aýdaram, ýöne, özünde höwes bolmasa, «bol»
diýeniň bilen o-ol, seň diýýän bagşyň-a bolubilmez» diýenlerem boldy. Ýöne,
kakam pahyram gaty gyňyr adamdy. Hut şol yňdarmalygy üçinem, deň-duşlarynyň
käbirleri «Ýusup-Ahmet» dessanyndaky özündenem has zoňtarrak gahrymanyň
adyna ýanap oňa Mürzemmedem diýýärdiler.
Ýüregine «jüňk» bolan bolsa gerek, onuň şol adyny ejemem alyp göterdi.
iliň-günüň ýanynda ýa öz ýanynda-da häli-şindi aýdyp ýörmese-de, kejeleşenwagtlary: «Aý, Mürzemmetligine tutup ugran bolsa eýgertmez indi bi...» diýerdide, daş çykyp, öz işi bilen bolubererdi.
Ýaşlygymdan başlap kakama käte şeý diýmeklige menem endik edipdirin.
Ýeke dikrary bolamsoň ol meni eljiredýädi diýib-ä biljek däl, ýöne, hernäçe «zyň»
bolsa-da, şeý diýýänimiz üçin ol ejem ikimize-de gaty-gaýrym zat diýmezdi.
Umuman, ol gaharjaň, gazaply, terbiýesi berk adamdy, ýöne, zalym däldi.
Ine, onsoň kakam öz diýenini gögertdi. «Aý, ýok, men oglumyň bagşy
bolmagyny, ir ertir, giç agşam öýümden aýdym-sazyň eşidilip durmagyny isleýän.
Özüme-hä bermändir Hudaý o zatlary...» diýip, şol bir depen ýerini depdi durdy.
Ejeme-hä o zatlar barada sala-da salmady. O-da goşuljagam bolmady. «Aý,
köpi gören adamdyr, özi gowy bilýändir» diýdi-de, çekildi oturyberdi.
Şeýdibem men düýbünden başga ugra gönükdim gidiberdim.
Her niçik hem bolsa kakamyň ynamyny ödemek üçin bäş ýyllap yhlas-a
etdim.
Ýöne, barybir bolmady. Kakamyň dostlarynyň aýdanlary dogry bolup
çykdy. Binagärçilik hünäri birsyhly ýeňimden çekip, özüne tarap dartdy durdy.
Ikinji ýyl okap ýörkäm iňirdime çydaman, ýoguny bar edip äberen
pianinosyny ertir-agşam «waňňyrdadyp» ýüregine düşüp ugranymdan soň,
kakamyň özem ýalňyşyna düşündi. Ýöne: «Aý, bolmasa çykaýsana sen oglum
şundan ― diýmäge-de dili barmady. ― Gireniňe görä munyň-a gutar, şondan soň,
men seni öýlendirjek, haýsy okuwa girseňem rugsat berjek. Ömrüň ötýänçä
okasaňam harajatyň menden» diýdi. Kimi alyp berjekdigini welin, adyny
tutmadygam bolsa men bilip durun. Ol ejemiň günbatar etraplaryň birinde ýaşaýan
uýasy Bibijemal daýzamyň menden üç ýaş kiçi gyzy Aýbahar bolmaly.
Aramyz daş bolsa-da, men ony köp görýärdim. Sebäbi onuň kakas-a
garasöýmezräk, düňleräk, dymmarak adamdy welin, Bibijemal daýzam doganagaryndaşa gaty gadyrly, mährem aýaldy. Gyş bolsun, tomus bolsun, has kiçijik
wagtlaram Aýbaharyň eljagazyndan tutup, myhmançylygagelerdi. «Agşam otla
mündük welin, mazaly irdenjik getiräýdi, şol-a bir heýwere gowy zat...» diýip, iç
işikde ýylgyryp durandyr.
Käte ejem ikimizem olaryňka görme-görşe giderdik.
Ýadyma düşýä, olar biziňkä gelenlerinde, biz olaryňka baranymyzda
Aýbahar ikimiziň gelejekki jübütlerdigimiz barada degşip-gülşüp, mesaýy
gürrüňler ederdiler. Aýbaharyň ýaňy bir ýörjen-ýörjen bolup ýören wagtlary maňa
onuň gulajygyny dişledendikleri baradaaýdýandyklaram ýadymda.
Bir gezek ýazyň-a soňky, tomsuňam başky aýlarynyň biri bolsa gerek, ejem
bilen olara gitdik. Entek tomus kanikuly başlanmandy. Maňa-da ejem dynç gününe
gabatlap, mugallymymyzdan iki günlük rugsat alypdy. Şol wagt men-ä ýedinji,
Aýbaharam dördünji synpda okaýardy.
...Otludan düşdügem welin, garaýel turdy. Arabystandan gelipdir diýdiler.
Entirekledip alyp barýan güýj-ä ýok welin, dünýe-älemi tüm-garaňkylyga
öwüräýdi. Tüýs, «gözedürtme» diýenleri boldy.
Howany sermeleşip, Bibijemal daýzamlary zordan tapdyk.Edil şol wagtam mekdepden: «Kiçi synplarda okaýan çagalaryň hemmesini
ata-eneleriň özleri alyp gitmeli» diýen habar geldi. Aýbaharam mekdepde ekenide, onuň yzyndan men gitmeli boldum.
Barsam, dälize giren ýeriňde, Aýbahar özi ýaly üç-dört sany gyzjagaz bilen,
bir zatdan gorkan ýaly ýygrylypjyk dur ekeni.
Meni görüpgörgülijik şeýle bir begendi, ylgap gelip boýnuma bökäýerli
göründi. Hamala, ymgyr çölüň içinde ýeke galan ýaly, kä elimden, kä bilimden
tutup, ýolboýam gysmyljyrap gitdi. Eňegine dagy jaň dakylan ýaly. Bir pursadam
dili dek durmady. Esasy ýadymda galan zadam öýlerine ýetiberenimizde ol: «Sen
meni gorkunç ýelden halas etdiň. Bolmasyn welin birdenkä başyňa iş düşüp,
özüňem azaşsaň, ýa şular ýaly ýelde galsaň, menem seni halas ederin...» diýdi.
Şol wagt men onuň ol sözüne kän bir ünsem bermändirin...
Umumanam, ata-enelerimiziň biz barada aýdýan hälki gürrüňlerine men-ä
hakykatdan-da, hälki bir ýaş oglandyr-gyzlara ulular tarapyndan oýun edilip
atylýan henek hökmünde garaýadym, ýöne ine, Aýbahar welin, soň-soňlar seredip
otursam, başynyň ýaşdygyna garamazdan şol zatlary çynlakaý kabul edýän ekeni.
Iň bärkisi ulular şol gürrüňi gozganlarynda onuň garaýagyzja ýüzjagazy
gyzarýardy, gözjagazlary howsalaly oýnaklaýardy, emma ne ýüzünden, ne
gözünden şatlyk, begenç alamatlary welin aýrylmaýardy. Derrewiň özünde
tijenmek, saçlaryna timar bermek bilen bolýardy. «Jedirdäp» duranam bolsa,
«tapba» sesini kesýärdi-de, bir zatlara güýmenjiräp başlaýardy. Ulularyň şol
gürrüňi uzaga çekmeklerini asla gutramazlyklaryny isleýändigini aňmak bolýardy.
Söýgi, ysnyşyk, gelejekde bir maşgala bolmak ýaly sözleriň üstünden
barmasa-da, eýýämden maňa özüniň gelejekki hossary hökmünde buýsanç, söýgi
bilen garaýardy. Mendenem şoňa garaşýardy.
Elbetde, menem ony gowy görýärdim. Ýöne, çykanym, garyndaşym
hökmünde. Gelinligim hökmünde-de göz öňüme getirmän duramokdym. Çünki, ol
hakykatdanam gowy gyzdy. Bibijemal daýzamyň özi ýaly gadyrlydy. Yssy
gatnaşyklary gowy görýärdi. Garadan şirin, gara gözelejik, syrdam boýly, güngünden göze görnüp barýan, keýik owlagy ýaly bökjekläp, dag jereni ýaly
towsaklapjyk ýörenje, alçajyk gyzdy. Akyllyjady. Käte-käte onuň kalbymda söýgi
oduny köredip-köredip goýberýändiginem, her görenimde oňa tarap ýüregimiň
atygsap ugraýandygynam duýýardym. Şeýle-de bolsa, garyndaşlyk
gatnaşyklarymyz päsgel berýädimi, tebigy çekinjeňligim elime kakýadymy, ýa:
«Aý, öňi-soňy özümiňki-le şü», diýen pikir arkaýynlaşdyrýamydy, özümi ondan
çekeräk tutýanymy, özümem bilmän galýadym. Artykmaç gep-gürrüňden
saklanaýanymy kem görmeýädim. Garaz, ikimiziňem söýgimiz içimizdedi.
Ata-enelerimiz öz çözgütleri bilen, ikimiziňem sessiz-üýnsüz
ylalaşýandygymyza ynanýardylar.
Şonuň üçinem, bu mesele iki tarapdanam bireýýämler çözüldi hasap
edilýärdi.
Kakamyň ýaňky, meni öýlendirmek baradaky gürrüňi gozgan wagty men
eýýäm on ýedi ýaşymyň içindedim. Aýbahar ýene üç ýyldan onýyllygy tamamlap,
Aşgabada okuwa gelmeli. Biziňkileriň hasabyna görä, girip biljekmi ýa bilmejekmi, o hakda gürrüň ýok, ol biziňkide bolup okamalydy. Ejem eýýämden
oňa aýratyn otagam taýýarlap ýördi. «Ine, toýdan soňam ikijigiňiz şunda
ýaşarsyňyz» diýip, meniň ýanymda ýadaman, ýaltanman gaýtalamany gowy
görýärdi.
Kakamyň bellän toý möhletem Aýbaharyň mekdebi tamamlap, okuwa
girmäge gelýän döwrüne gabat gelýärdi.
Mekdebi üstünlikli tamamlap Aşgabada gelen Aýbahar, ejem dagynyň tama
edişi ýaly, hakykatdanam okuwa girdi. Onda-da Medisina institutynyň «Diş
dogtarçylygy» bölümine. Ýene sanlyja ýyldan elinjek diş goýduryp biljekdikleri
üçin muňa kakam bilen ejem ikisi diýseň begendiler. Hatda gyzyldanmy,
kümüşdenmi, nämeden goýdurjakdyklary barada jedelleşip, çalarak dawa-da
etdiler.
Biziň öýde bolup okaberenini özüniňem kem görmeýändigi görnüp duranam
bolsa, sypaýyçylyk üçinmi ýa indi kemsiz kemala gelen gyzyň utanjaňlygy täsir
etdimi: «Aknur daýza, men umumy ýatakhana-da bolubereýin-le...» diýip, okuw
başlamazynyň öň ýany, çaý başynda üç bolup otyrkak Aýbahar özünden-özi
geplenip ugrady. Ýöne ejem: «Otur! Kepleme! Öz öýüň barka ýatakhanada körüň
ýok! Şu gürrüňi ýene bir gezek gaýtaladygyň ed-dil çekirdeniňe aýyryn ― diýdide, bir gezekde sem etdi goýaýdy. Bir gyrada duran elgoşlaryny eltip, ençeme ýyl
bäri taýýarlap ýören otagynyň içine dykdy. ― Ine, şu jaý seniňki! Ýat! Tur! Oka!
Darlyk etse-de aýt! Ýene bir otag bereýin! ― Soňuny ol ýene-de degişmä
ýazdyrdy. ― Bolmanda-da öňi-soňy geljek ýeriň şü. Ýa bileňokmy? Ýa Mürze
daýyňa meň kellämi kakdyrtjak bolýaňmy?
Aýbahar edil çagalygyndakysy ýaly birenaýyja ýylgyrdy. Gyzardy. Aşaklyk
bilen maňa garady. Dodagyny dişläp bir gyra bakdy.
Men ony şondan artyk uýaldyrmazlyk üçin, çykyp gitdim.
Biziň jaýymyz dogrudanam uludy. Haly, keçe düşelen birnäçe otagdan
ybarat bolup, hemmesem giňdi, ýagtydy. Şol döwrüň edähedine görä, içki
diwarlary dürli nagyşlar bilen bezelendi. Häzir elbetde, girip görseň, hemmesi
başgaçadyr.
Howlymyzam häzirkisinden başgaçady. Ýöne, şäher boýunça iň giň we
owadan, bagly-bakjaly howlularyň biri hasap edilýädi. ― Mähti aga aýasy bilen,
oturan sekimiziň gadymy nagyşlar bilen haşamlanan kenarasyna aýasy bilen «patpat» etdirip kakdy. ― Ine, şu oturanymyz. Onsoňam ho-onha, o-ol... ― Onuň baş
atan tarapynda öz oturanymyzdan sähelçe kiçiräk ýene bir agaç sekiniň bardygyny
men şondan soň görüp galdym. ― ...Şularyň ikisem şo döwürler bardy. Kakam
pahyrdan galan ýadygärlik şular. Dogry, men bularyň köp ýerlerini täzeledim,
bejerdim, her ýyl reňkläbem durun.
Öňki döwür özüň bilýäň, kondisionerleriň ýok wagty, tomus gijeleri daşarda
ýatmaga, gündizlerine kölegede oturmaga allanäme bolýady. Esasanam, şuň
üstünd-ä kakam dagy dost-ýarlary bilen bagşy aýtdyryp, aýdym diňlärdiler. Oonda-da aýallar, çaga-çugalar oturardylar...
8
96
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.