violinist
10.10.2022 14:09
"Gabanýañ" diýýärsiñ, ýeri, nädeýin,
Aýt, alajym näme, o:t alsa içim?!
Görküñe aşykka ençeme gözler,
Ýeri, seni gabanmaýyn näm üçin?

Seni özgäñ arzuwyndan gabanýan,
Çüwäýmesin diýip birden oñ bagty.
Diñe ukudakam dynjym alýan men,
Dünýäñem ses-üýnsüz dem alýan wagty.

Şemaldan gysganýan iñrik saçyñy,
Seni özüñdenem gysganyp söýýän.
Ýürekde howr alýan mährimi berip
ýetişmerin öýdüp, gyssanyp söýýän.

Garaz, ynjalmak ýok, dynjam almak ýok,
Ykbal saña bolan söýgim haklasyn!
"Gabanýañ" diýme sen, garaja gözlim,
Gabançsyz söýgiden Hudaý saklasyn!

Sapa HOMMADOW.
15
132
atakulyyewa_humay
13 Oktýabr 2022
Gowy 👏👏🌟👏🌟🌟
Myhman Myhman
10 Oktýabr 2022
❤❤❤❤❤
lalahan
10 Oktýabr 2022
👍👍👍
melek06
10 Oktýabr 2022
angelinka,ay bolarda bir gün
angelinka
10 Oktýabr 2022
melek06,Dogry aytyan. 🥰

melek06,Yone mni gabanjak oglan hazirlikce yok😏
melek06
10 Oktýabr 2022
angelinka,Oglan gabansa şo soyduguniň alamatydyr:)
angelinka
10 Oktýabr 2022
melek06,Oglan gabansa gowy goryan🤭
Perishdejik
10 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
melek06
10 Oktýabr 2022
angelinka,howwa bar:))
angelinka
10 Oktýabr 2022
Gabanjan oglanlar bamyka🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.