ylham_gurbanaly
10.10.2022 00:15
"Gel, gowsy baryny başlaly başdan"
                                    Aşyr Hanow


Gel, gowsy baryny başlaly başdan,
Ýoklap gussalaryň düýni-ertesin
Ýalňyzlygy aýryp, synlaly bile
Geçen bagtly günleň kinolentasyn

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Syryp dünýämiziň gamgyn buludyn,
Ýöne urýan ýürek kiçidir welin,
Söýen ýürek köp zatlardan uludyr

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Ýeke ýalan bolsa, biz ony bogsak
Çaga bolşuň bilen begendir meni,
Şatlygy-da undyp barýaryn, ýogsa

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Besdir, aýralyga bolmaýyn şahyr
Seni men dek,
menäm sen dek ykbalda
Ömürboýy, indi söýjek ýok ahyr



Ylham GURBANALYÝEW
20
262
janan
11 Oktýabr 2022
Myhman Myhman,nm boldy
Myhman Myhman
10 Oktýabr 2022
😒

😒😒😒😒😒
perizadym
10 Oktýabr 2022
....👍
ideallider
10 Oktýabr 2022
mamajan, her gezek nikiňi okamda dogurdanam gülkim gelýädi. Bagşla😌👍
ylham_gurbanaly
10 Oktýabr 2022
mamajan, öňki gowydy ýöne:)
melek06
10 Oktýabr 2022
Söýýän ýürek köp zatlardan uludyr👍🏻 bayıldım çok güzel 👍🏻
Myhman Myhman
10 Oktýabr 2022
Salam
ylham_gurbanaly
10 Oktýabr 2022
mamajan, ahyr bu ad:a geçipsiňmi))
atakulyyewa_humay
10 Oktýabr 2022
ylham_gurbanaly,👍👍👏
ylham_gurbanaly
10 Oktýabr 2022
Ýaran bolsa , minnetdar hemmä!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.