Göwresi syrdam. Edil ýaş türgenler ýaly. Oturyşy, turuşy çakgan. Daşyndan seredip ýetmiş ýaş berer
ýaly däl. Umuman, özüne seredýän adamdygy bildirýär.
O ýerde, bu ýerde howul-hara getirilip goýlan ululy-kiçili gazanlar, demir
ojaklar, üýşürilip goýlan ojarlar we başga-da toý üçin gerek bolan ençeme zatlar,
toýuň haýsydyr bir restoranda däl-de, şu howlynyň içinde tutuljandygyndan habar
berýär.
Maňa gözi düşenden, ol gozganjyrap ugrady, kimdir birine: «garşyla» diýjek
bolýan ýaly, iki ýana garanjaklady. Hiç kime gözi düşmänsoň, sekiden emgenmän
düşdi-de, maňa tarap bäş-üç ädim ätdi. Öňümden çykyp göwünjeň salamlaşdy.
Görüşdi. Golumdan tutup sekiniň üstüne geçirdi. Öýden edil özüniňki ýaly
düşekçe, ýassyk çykardy. Meni ornaşdyrandan soň, özem öňküje ýerine geçip
oturdy. Ýüzüme seredip ýylgyrdy. Hamala, meniň bilen köneden tanyş ýaly:
— Saglykmy? Gurgunçylykmy? Sag-aman işläp ýörmüň... — diýdi. —
Geljegiňizden habarym bar, şumatjyk jaň edip aýtdylar... — Gapdalynda duran epesli ululykdaky daşy gyrmyzy, ak «telpekli» termosdan çaý guýup, käsäni öňümde
goýdy. — Al, iç. Meseläňem häzir edil çöp döwen ýaly ederis...
Soň ol hemmeleriň üýşüp bazara gidendiklerini, öýde ýeke özüniň
galandygyny aýtdy.
Öň habar berlenem bolsa, menem öz gezegimde adymy, näme iş bilen
gelendigimi ýene bir gezek aýtdym.
— Hä-ä... Gaty gowy... Gaty gowy... Hoş geldiň. Ol işiň-ä Azat jan bitdi
hasap edäý... — diýip, Mähti aga sorag bererime mähetdel, öz kärini gowy görýän,
şeýle hem işine ökde adamyň hyjuwlylygy bilen söze başlady. — Ýadygärlikler
barada hökümet hemişe-de alada edýärdi. Hatda bir döwür rejeleýiş işlerini öz
güýji bilen geçirmek üçin, ministrlik, «Ýadygärlikleri goramak we rejeleýiş»
bölüminiň gapdalynda özbaşdak başlykly, hasaply, hasapçyly, ýörite ussahana-da
açypdy. Ýöne, üýtgän zat bolmandy. Şondan öňem, soňam, bitirilen işler haýsy
etrapda nähili ýadygärlikleriň bardygyny hasaba almakdan, olaryň hersi üçin
aýratyn pasport açmakdan, düýbünde ýüzüne döwlet tarapyndan goralýandygy
barada ýazgy ýazylan iki aýakly demir galkan dikmekden aňry geçmändi. Netijede,
ýaňky agzan ussahanamyzam öz-özünden ýatyp galdy. Ýapyldy. Ýöne, ine,
garaşsyzlyk berlenden soň welin, ähli babatlarda bolşy ýaly, gadymy
ýadygärliklere bolan garaýyşlaram üýtgedi. Üns güýçlendi. Olaryň durkuny
täzelemekde, abatlaýyş işlerini geçirmekde dürli mümkinçilikler ýüze çykdy. Bu
işe hatda daşary ýurtlardanam — hususan-da, Türkiýe — goşulmaga döwtalaplar
tapyldy.Ýadygärlikleriň käbirlerini ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek barada
döwlet derejesinde aladalar edilip ugraldy. Çäginde gadymy ýadygärlikler köp
bolan käbir sebitler, etraplar «Goraghana» diýlip yglan edildi. Olaryň edaralary
açyldy. Şol zatlaryň netijesinde-de, neme jan... — Mähti aga maňa tarap
ýapyryldy. — Adyň näme diýdiň?.. — Aýtdym. — Hä-ä... Ana, şol zatlaryň
netijesinde-de, Azat jan, özüňem görensiň, görmedik bolsaň, eşidensiň. Atlaryny
sanap oturmaýyn, türkmen topragyndaky ýykyk-ýumruk gadymy ýadygärlikleriň
aglabasy abatlandyryldy. — Mähti aga meniň soraglarymyň soňuna
syrygandygyny aňan ýaly ýüzüme jüýjerilişini.Mähti aga söhbetdeşligimiziň kiparlaberenini aňyp: ― Bolduk dämi,
işimizden dyndyk dämi... ― diýdi-de, öýe girip,iki sany bulgurjagaz bilen bir
çüýşe türkmen konýagyny alyp çykdy. Gury-guragyragam bolsa odur-budur
garbanar ýaly zatlardanam tapanjasyny getirip goýdy. Çüýşäni açyp, bulgurlara
guýuşdyryp oturyşyna içjegine öňünden lezzet alýan adamyň şatlyk duýgulary
bilen: ― Ine, bazarçylar gerler welin, güzeranymyz gowulaşar. Gyzgyn nahar
iýäýmegimizem mümkin... ― diýdi. Aşaklyk bilen ýüzüme seredip ýylgyrdy. ―
Berseler... ― Birdenem hezil edip güldi. ― Ýa bermezlermikän-aý... ― Şondan
soň ol doly bulgurlaryň birini maňa uzatdy. ― Bererler-laý... Bermeseler özümiz
bişirinip iýäýeris... — Hä — men baş atdym. Mähti aga bulgurly elini dik ýokary
galdyrdy. — Al onda!..
― Ýetmiş ýaşyňyz gutly bolsun, Mähti aga. Ýüz ýaşaň...
― Taňryýalkasyn, inim. Şonça ýaş saňa-da nesip etsin.
Ýelmedik. Şondan soň ikimiz hasam dostlaşdyk. Ysnyşdyk. Kellämiň
gyzgynyna hatda onuň şahsy durmuşyna degişli soraglaram beriberdim. Ahyram:
― Egerde garşy bolmasaňyz, Mähti aga men siziň öz ömrüňiz we
döredijiligiňiz barada-da bir zatjagaz ýazaýsam diýýän. Ýaňy ministrlikdäkilerem
şony maslahat berdiler... ― diýdim.
Ýaşuly birentekleri ýaly, gaty bir gaýra gaýyşjak bolubam durmady.
Gaýtam, birhili döwtalap ýaly göründi. Bulgurlary ýene bir gezek doldurdy-da.
― Olar ýaly bolsa Azat jan, sen bu gün gitme. Gal. Işiňem näme, esasy
bölegin-ä bitirdiň. Ýörite iberen bolsalar işiňdenem gözläp durmazlar. Şoň üçinem,
hem-ä ýüregiňe düwen işiň galan bölegini bitirsiň, hemem oturarys, ikijigimiz
«hümmüldeşipjik». Bomy?
― Bor ýaşuly.
― Haý, berekella. — Ol bulgurly elini maňa tarap uzatdy. Al, onda.
Aldyk. Şondan soň ýaşula der geldi. Gözleriniň gyralaryna çenli çygjardy.
― Ýaňyja sen gelmeziň öň ýanam, men: «Ine, sen bu gün ýetmiş ýaşadyň.
Ýöne näme etdiň? Biri şeý diýip sorasa näme jogap berersiň» diýip, öz-özüme
sorag berip otyrdym. Ine, indem şol soragy maňa sen berersiň. Şo dämi?
― Howwa...
― Ana, gördüňmi? Mende bolsa saňa gürrüň berer ýaly ile-güne, indiki
nesle nusga bolarlyk eden zadym ýok. Wagt bolsa geçdi. Bu ýaşdan soň seniň
öňüňde söýgiden söz açyp, ömrümiň bar manysy hökmünde şondan takal okap
otursamgelşiklem däl welin, nätjek, şeýle boldy-da. Ömrüm şonuň
sergezdançylygynda geçdi-dä...Ömürbeýanymyň özenini düzýän esasy wakalaryň
aglabasy şondan ybarat. Mende başga aýdara zat ýok. Sen ýöne muny makala,
gazet ýa ýene bir zat üçin däl-de, häki bir özara, mesaýy gürrüňçilik hökmünde
diňlärin diýseň, onda başga mesele.
― Hany, diňläp bir göreli, Mähti aga. Nämä ýarajakdygyny, soň görübiris.
― Hä-ä... Ine, mynyň bolýa, Azat jan. Rast gürrüň. Indi men saňa başdan
geçirenlerimi beýan edeýin. Soň sen onuň içinden geregiňi alyber... ― Şondan soň
Mähti aganyň gürleýiş äheňi dessançy bagşylaryň labyz bilen aýdyşlaryna meňzedi. ― Wagt diýen närselerinde-hä salym ýok ekeni, Azat jan. Bir tutum.
Türkmenler aýtmyşlaýyn telpegiňi eýläňe öwürýänçäň ömrüň geçip gidýän ekeni.
Onam adam şekilliýaşap geçiribiläýseň-ä ne ýagşy.
Düýnjügem çybyk at münüp, iki-baka okkessirme geçip ýören oglanjykdyk.
Ine, bu günem eýýäm ýetmişi ýakalap otyrys...
Gyz görende kalbymyzy heýjana salan gülşenli çaglar allaowarralarda
galypdyr. Guzynyňky deý maýda hem akja dişlerimiz atyňky deý aňňalypdyr,
saralypdyr, düşüşipdir. Gözlerimiz kösseýişipdir. Daşymyz çolarypdyr. Deňduşlarymyzyň köpüsi ýurtlaryny täzeläpdirler. Durmuş atly deňziň
haýbatlymöwçleri bilen göreşip, tolkunlaryny gulaçlap ýörşümize o kenardan bu
kenara ýetenimizem bilmän galypdyrys...
Ine, bu günem şol kenaryň gyrasynda aýagymy sallap, yzyma ser salyp
otyryn. Ýaňky aýdyşym ýaly, şu ömrümde nämeler edendigim, nämeleri edesimiň
gelip, edibilmändigim barada oýlanýan. Geçen ýolumy seljerýän, ölçerýän,
dörjeleýän, saňa mynasyp jogap okarlyk ibalyrak zat agtarýan.
Içinde ömür salym çala salgym bolup görünýä, gomly-gaýly ýollarda ýaňky
aýdyşym ýaly yşk içre geçen, sergezdançylyklardan başga görünýän zat ýok. O-da
bir merdi-merdanalyk bilen geçen bolaýsa-ha bolaýjagam welin, men onam
oňarmandyryn. Çal başymy gowgaýa salyp, meni gün-günden çökerip barýanam
ana, şol zatlar namartlygym. Haýp geçen ömrüm. Yza gaýdara, goýberilen
ýalňyşlyklary düzedere bolsa wagtam ýok, mümkinçiligem. Durmuşyň kadasy
şeýle. Berilenjesini mynasyp ýaşap bilmediňmi, ol saňa gaýtadan berilmeýär. Men
indi diňe düýşe dönüp barýan hyýalatlarym, ýatlamalarym bilen ýaşap ýörün. Şolar
bilen ýatýan, şolar bilenem turýan. Seniň bilenem Azat jan, ine, şol zatlary
bölüşäýmesem zol-zol gaýtalap oturmaýyn welin, başga zat ýok.
― Bor, ýaşuly. «Baryny beren uýalmaz» diýipdirler. Ýa, Allah!