ÖMRÜZAÝA
Roman
Gawunlar içinde sary mazylar,
Aşyklyk birniçäň ömrün zaýalar...
/Halk aýdymyndan/
1. MÄHTI
...Uniwersitetiň žurnalistika bölümini tamamlap, täzelikde açylan «Türkmen
medeniýeti» žurnalyna işe baran günüm, baş redaktor ýanyna çagyrdy-da, gysgaça
geçen tanyşlykdan soň, indiki san üçin, «Türkmenistandaky gadymy
ýadygärlikleriň garaşsyzlykdan soňky ýagdaýlary» diýen tema boýunça makala
taýýarlamaklygymy tabşyrdy.
Men Medeniýet ministrligine bardym.
Ol ýerdenem köp ýyllar ministrligiň «Ýadygärlikleri goramak we rejeleýiş»
bölüminde baş hünärmen bolup işlän, baýry binagärleriň biri Mähti Mürzäýewiç
Muhammedow atly bir ýaşulynyň öýüne iberdiler.
— Bu meselede size şol gowy kömek edip biler. Şu ugurdan onuň baý
tejribesi bar. Ol pensiýä çykandan soňam düýn-öňňine çenli şu ýerde işledi. Bu
gün-erte ýetmiş ýaşyny bellejek bolup ýör. Hem-ä gürleşersiňiz, hemem ýaş
toýuny gutlarsyňyz. Belki, özi barada-da bäş-üç agyz ýazarsyňyz... Häzirem jaň
ederis-de, siziň barýandygyňyzy aýdarys — diýdiler.
Ol demir ýoluň gaýrasyndaky «Hitrowka» diýilýän geň hem düşnüksiz atly
obajykda ýaşaýan ekeni. Giň howla gireniňden: munda binagär ýa heýkeltaraş
ýaşaýan bolsa gerek diýdirýär. Jaýynyň gurluşam, howlynyň daşyna aýlanan
gözenekli, käbir ýerlerine milli nagyşlar basylan demir haýatam şol pikiriňi
tassyklaýar. Demir derwezesine salnan haşamlar bolsa, Leningradyň «Tomusky
bagyndaky» meşhur Felten tarapyndan ýasalan bütindünýä sungat taryhyna giren,
ajaýyp derwezäniň bezeglerini ýadyňa salýar. Baglar tertipli we ürç edilip
seredilýändigi bildirýär. Derwezäniň sag hem çep tarapynda dürli reňkdäki, dürli
görnüşdäki güller, gelen-giden bilen salamlaşýan ýaly, başlaryny atyşyp,
birenaýyja yranjyraşypdurlar.
Men baranymda Mähti aga üzüm dalbarynyň aşagyndaky ullakan agaç
sekiniň üstünde derçiräp, çaý içip otyr ekeni. Aşagynda täzeje düşekçe.
Gapdalynda dört burçly, daşyna ak mata çekilen iki sany päkize ýassyk. Egni
owadan sport eşikli. Saçy ak hem birneme ösgünräk. Murtam ýok. Sakgaly ýok.
Şu gün irden syran bolsa gerek, duluklary, murt ýeri göm-gök öwsüp dur. Ala
gözli, burunlagrak, göreniňde gözüň dokunýan owadan adam. Göwresi syrdam.