perizadym
08.10.2022 00:38
Bilemok, belki hakykat başgaçarakdyr, ýöne maňa şeýle gürrüň berdiler. Ýaşaýan ýerinden, daş-töwereginde bolup geçýän zatlardan halys bizar bolan bir adam durmuşyny üýtgetmek üçin ýanyna diňe az-owlak harçlyk alyp, ýola düşüpdir. Şeýdibem ozal hiç haçan gelip görmedik şäherine, asyl-ha, başga bir ýurda gelipdir.
Täze şäher, täzeçe ýaşaýyş bilen öwrenişmäge synanşyp ýören günleriniň birinde köp adamly köçäni ýaňlandyryp gelýän oglanjygyň aýdýan sözleri, has takygy, çakylygy gulagyna iläýmezmi?!
— Teatr! Geliň, teatra geliň! Bu agşam oýun ba-ar!..
Biziň gahrymanymyz ömründe hiç wagt teatra gitmändir. Durmuşyňa nähilidir bir täzelik çaýjak bolsaň, şundan amatly pursat ýok. Ol ýanyndaky barja harçylygyna teatra petek satyn alyp, agşamlygam teatra gidipdir. Görkezilen oýun onda şeýle bir täsir galdyranmyş welin, ol-a zalyň boşamagymyş, tä tämizlikçi gelip duýdurýança ýerinden butnaman oturan bolsa nätjek.
— Jenap, ýene bir gezek aýdýan. Rugsat berseňiz, men bu ýeri süpürjek, teatrda bir özüňiz galdyňyz.
Özüne gelen gahrymanymyz tämizlikçiden müdiriň iş otagyny sorapdyr. Müdiriň ýanyna barybam teatrda näme iş bolsa, işläsiniň gelýändigini aýdypdyr. Tämizlikleri köpeldäýsem diýip ýören müdirem oňa tämizlikçilik teklip edipdir, ýöne işe başlamazdan ozal synagdan geçirip görjekdiginem aýdypdyr.
Müdir oňa indi näçe wagt bäri adam barman, halys çaň-tozana garylan kitaphanany arassalamagy buýranmyş. Biraz salymdan ýaňky adam ýumşy ýerine ýetirendigini aýdanda, bir bada ynanmadyr. Kitaphana baryp görende bolsa… Ol bu gezek gözlerine ynanmadyr. Hälki çaň-tozanly kitaphana lowurdap durmuş.
Heý, beýle ukyply işgärem elden gidirp bolarmy? Müdir ony derhal işe alypdyr.
— Emma, jenap… Meniň ýatara ýerimem ýok…
— Bolýar, onda şu ýerde ýatyp-turuber. Işe-de ir başlarsyňyz.
Iş otagyna gaýdyp gelýän müdir güpbe bir zat ýadyna düşen ýaly, yzyna öwrülipdir-de:
— Ýogsa-da, seniň adyň kim? — diýip, täze işgärinden sorapdyr.
— William. William Şekspir — diýip, 40 ýaşap gelýän tämizlikçi jogap beripdir.
Hawa, orta asyr dünýä edebiýatynyň iň görnükli wekilleriniň biri William Şekspir şeýdip 40 ýaşdan soň teatrda işlemäge başlaýar. Soňy özüňize belli. Onuň döreden ajaýyp eserleri üstünden näçe ýüz ýyl geçendigine garamazdan, entegem sahnalardan düşenok.
Diýmek, hiç zat hiç haçan giç däl. Geliň, maksatlarymyzy durmuşa geçirmäge hut şu pursatdan başlalalyň. Näçe ýaşdadygymyzyň ähmiýetem ýok.
9
94
mgm
8 Oktýabr 2022
William shekspir diyende gen galyp gitdim basga birzat diyer oytdim
Myhman Myhman
8 Oktýabr 2022
Birinji like menden❤

Hali okap hem yetismedim sonda like goydym😂☺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.