violinist
08.10.2022 00:23
Tekrarlaýabilmen özge pikiri,
Hem özge şahyrlañ şygyrlaryny.
Hut sözleýşiñ içre duýmak isleýän
Ruhuñ päl-niýetin,pygyllaryny,
Ahmyryñ,
ynanjyñ
etsem-petsemiñ,
Pynhan hyýallaryñ gül dänelerin.
Gözden syzýanlara ýok garşylygym.
(Olar kimin düşbi bolman bilerin)

Bolanymda näme?
Gyz göwni dälmi?!
Dillenmeseñ mümkin yza tesmegim.
Düşünäý barybir,eşdesim gelýär
Zybanyñda sazlaşyşyn sesleriñ.

Päsgel berme,goý,ýardam ber,başarsañ
Pikir söze,sözler jümlä gowuşsyn.
Bilmek eziz bo:rdy,meñ üçin sözleñ
Şirinden-şirinin saýlap goýuşyñ.

Iñ naýbaşy eserlere,kitaba
Deñäp bilmen kelamlaryñ gymmatyn!
Goý diýsinler "Söz zerur däl söýgide"
Dymma sen!

Mahym Nurgeldiýewa
10
75
Myhman Myhman
8 Oktýabr 2022
Dillenmeseň mümkin yza tesmegim
abdy_dayy
8 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
nurberdiyewa_aylar
8 Oktýabr 2022
💜💜💜
Amangözel
8 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
perizadym
8 Oktýabr 2022
Dymma sen...🍃
Myhman Myhman
8 Oktýabr 2022
tekrarlayabilmen diyman gaytalabilmerin diyaymeli eken sony okayancam eminudym gecdi

5minudym

🏅
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.