ylham_1989
07.10.2022 17:39
Şowsuz günüň keypsizligini iýmitiň
kömegi bilen ýeňip geçiň



Psihologiýa ylymlarynyň kandidaty we uýgunlaşma akyl teoriýasyny dörediji Waleriý Gut şowsuz günde nädip şatlanyp bojakdygyny salgy berýär.

Ol özüniň «Gazeta.ru-da» beren interwýusynda «Doly alnan uky, yzygiderli dynç alyş, tagamly we sagdyn iýmit, dem alyş gimnastikasy, adaty maşklar ýaly ýönekeý, ýöne şeýle zerur zatlary diňe ýatda saklamak däl, eýsem ýerine ýetirmek hem möhümdir» diýip, aýratyn belläp geçýär.

Gutuň sözlerine görä, goşmaça lezzet berýän haýsydyr bir zat bilen özüňi begendirip bolýar. Bu, meselem, bir bulgur kofe, täze kitap, aýdym diňlemek ýa-da tebigata gezelenç hem bolup biler.

Şeýle-de Gut 100 sany ownuk, ähmiýetsiz islegleri ýazyp, olary ýerine ýetirmäge çalyşmagy maslahat berýär. Şeýtmek bilen, adam şol islegleri ýerine ýetirip, öňki aň-düşünjesini özgerdýär we beden has köp lezzet almaga endik edýär.
22
146
wolf
7 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
ideallider
7 Oktýabr 2022
Gaýgylansak klubnika 😊👍
Amangözel
7 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Perishdejik
7 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
H.A.Y
7 Oktýabr 2022
Very good👏👏👏⭐⭐⭐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.