ylham_1989
07.10.2022 12:38

Pandalar näme üçin ak we gara reňkde bolÿarlar.

Süýdemdiriji haýwanlaryň aglabasynyň tüýleriniň reňkleri biri–birinden tapawutlydyr. Muňa garamazdan, pandalaryň aýratyn hem aýaklarynyň, elleriniň, gözüniň töwer­ekleriniň we gulaklarynyň garamtyl reňk­de bolmagy başga süýdemdirijilerde duş gelmeýän halatdyr. Bu barada Kaliforniýa we Kaliforniýa welaýat uniwersitetiniň bilelikdäki “Behavioral Ecology” žurnalynda çap edilen ylmy işinde aýdylýar. Bu ylmy işe görä, pandalaryň bedeniniň aglaba böleginiň ak reňkde bolmagy garly ýerlerde, aýaklarynyň we elleriniň gara reňkde bolmagy bolsa tokaýlyklarda gizlenmegine ýardam berýär.

Synçylar pandalaryň gulak­laryndaky we ýüzlerindäki goýy reňkleriň gizlenmek üçin däl-de, eýsem aragatnaşyk saklamak üçin ýaraýandygyny nygtaýarlar. Goýy reňkli gulaklaryň panda­lary ýyrtyjy haýwana meňzedýändigi, ýü­zlerindäki gara reňkleriň biri-birini tanama­ga ýardam berýändigi anyklandy. Pandalar başga haýwanlara seredilende hemme ösümliklerden iýmitlenmän, köplenç “bambuk” ösümliginden iýmitlenýär. Ýeterlik derejede iýmitlenmedikleri üçin, aýylar ýaly gyş ukysynda özlerine gerekli ýagy jemläp bilmeýärler. Munuň üçin olar garly daglardan, tropiki tokaýlara aşmaly bolýarlar.
17
130
RuníA
11 Oktýabr 2022
Relax,😅
Myhman Myhman
9 Oktýabr 2022
Pandalar men pikirimce howpsuz jandar🐼
Lilia_
7 Oktýabr 2022
😇😇😇😇😇
Myhman Myhman
7 Oktýabr 2022
Gaty gowja goryan pandalary ☺
Relax
7 Oktýabr 2022
Hytaýlylar bir şu pandany íyenoklar öýdýän😁
wolf
7 Oktýabr 2022
ideallider,howwa gaty oýunçyl özä howwa dogry owadan jandar hemem agyr gaty şularyñ çagalary sypylýan oýun ýeri bolýara parkda kaçelýe kiçiräjik şonda iki üç sanysy oýnap ýör welin ýaltalygyny billirdýäler basgançaklardan çykman typan ýerinden münjek bolýa garagol çagalar ýaly😅
ideallider
7 Oktýabr 2022
wolf, ýokhow pahyrlar guýundan beter ýuwaş. Bular ýitip gidip barýan jandarlar. Gör grizli aýylar ýitip gidäýmezler, ine grizliler birje gezek adam ganyny datsalar, soň diňe adam gözleýärler. A bu pandalaryň garny doýsa oýnamakdan ýa ýatmakdan başga aladalary ýok. Ýöne bular gaty ýal-ýagy, köp iýýärler, hiçhilizada öeýdalary ýok. Meň pikirimçe diňe owadanlyk üçin👍
wolf
7 Oktýabr 2022
Adamlara topulyanyny bilemok göremok yone iymesede üstüñe ýykylsa myžžygyñy çykar seresap bolmaly ýöne Kung fu panda öldürmegi mümkin😄
Perishdejik
7 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
abdy_dayy
7 Oktýabr 2022
👍🏻 bambuk bilen iymitlenyan ekenow 🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.