Iň uly bagt gadyryň bilinmegidir. Bu käte bagtyň özüne-de ýetdirmeýän bagt ahyry.
***
Iň bärkisi çörege nobata duranyňda-da öňüňdäki we yzyňdaky adamy bilmeseň, bellemeseň, ugur-utgaňy ýitiräýmegiň daşda däl. Durmuşda ýaşamak üçin-ä özüňden öňki ötenleri, öz nesliňi tanamak has-da zerur.
***
«Berimiň gökden ýol ýasaýandygyna» ynanýan adamlar, nämüçin gökden kelemenläp aşak gaýtmagyň ýowuzdygyna ynanmaýarkalar?
***
Işdämenlik bilen mäşewe iýip otyrkaň, bir gaty zat dişiňi gyjyndyryp gider. Adamlar-a oňa «dälije mäş» diýýär. Durmuş hem näçe owadan, lezzetli, tagamly bolsa-da, onuňam «dälije mäşi» gyt däl.
***
Iň bärkisi, ýekeje döwüm çörek hem açyk howada gatansoň, heňlemek diýen zady bilmeýär. Adam hem zähmetde bekänsoň, kynçylyk duýmaýar.
***
Hernäçe çekinilse-de, çäksiz hormat goýulsa-da, Hudaýa «Siz» diýlip ýüzlenilenok.
***
Käbir zatlaryň arzuwynda gezmek – şoňa ýeteniňdäkiden has ajaýyp…
***
Aladalar owunjak bolup biler, ýöne hiç haçan oýunjak bolup bilmez.
***
Seniň ajaýyp diýip ykrar eden zatlaryňa göwünleri ýetmän, düşündiriş beriberseler, hiç darykmaň. Gözelligiň manysyna düşünmeýän gyzlar reňk-beýleki çalynyp, hatda Hudaýyň sungatyny hem «işleýärler» ahyry.
***
Birbada hemmäniň göwnüni awlamak asla mümkin däldir. Hatda Gün hem birbada bütin dünýäni ýagtyldyp bilenok ahyry.
***
Ýaşamak üçin ýürekden ygtybarly ýer ýokdyr.
***
Sen näçe sypaýysyrasaň hem, sözüňi kesä çekjek, ondan kem tapjak bardyr. Süýji üzümdenem ajy çakyr ýasaýarlar ahyry!
***
Iň bärkisi dört setirlik goşguda-da kapyýalaryň ählisi sazlaşyp gitmän, hökman biri üýtgeýändir. Bu durmuşda-da şeýle, hemme günüň sazlaşykly, akgynly gitmegi mümkin däl.
***
Biz ýüzümizi suw ýaly ulagymyzyň lowurdysynda däl, aňrybaş öýümiziň kaşaň penjiresinde däl, wyždanymyzyň tozan basyp giden aýnasynda synlamagy başaraýsak…
***
Ýürek saçaga meňzeş diýýärler. Hakykatdan-da şeýle, ýürek saçak ýaly mukaddes. Saçagy harlamak, ony boş goýmak näçe gabahat bolsa, bu ýürek babatda şeýledir. Dogry, olaryň arasynda ýekeje tapawut bar. Gije saçak kakmak günä hasaplanylýar. Ýüregi kakmak, ony ak kagyzyň ýüzüne kakmak üçin bolsa, ümsüm gijelerden gowy wagt ýok bolsa gerek.