ylham_1989
06.10.2022 17:09

ÇINGIZ AÝTMATOWDAN…

“Adam bagyşlan mahaly ýadar, birem ýeke galan pillesi. Emma adamy esasy ýadadýan zat hyýal ýüwürtmekdir, bolmajagyny bilip durkaň hyýal ýüwürtmek”.

“Adam bar zady aýdyp bilmez, onsuzam sözler bar zady aýtmaga ýetmez”.

“Wagt näçe geçse geçibersin, käbir temada üýtgän zat bolmaz. Eliňden mal-mülküňi, ähli zadyňy alsalar, ýene-de ölmersiň. Olary gaýtadan edinip bilersiň. Ýöne ine seniň mertebäňi ýere çalsalar, ruhuňy öldürseler, onuň çäresini tapyp bolmaz”.

“Sen geplemegi özüňe uslyp bilmersiň we dymarsyň; olar bolsa saňa dymmadyr öýdüp, äsgermedik bolarlar. Habarlary ýok, bir gürlemäge başlasaň, ýüzüňe seretmäge ýüz tapmajakdyklaryndan”.

“Ýeke adamyň ýazgydy dagdaky ýodanyň mysaly ýaly; käwagt ýokary çykar, käwagt aşak iner, kamahal bolsa, düýbi görünmeýän uçut gaýanyň erňegine baryp dirär. Adam ýeke özi olar ýaly ýolda ýöräp bilmez. Ýöne birleşenler, bir-birine goldaw berenler her hili päsgelçiligi ýeňip geçer”.

“Iman we şübhäniň ikisine-de sagbolsun aýtmaly. Sebäbi olar durmuşyň akyşyny üpjün edýän esasy güýçleriň hamyrmaýasy”.

“Bir şaha gopsa gopubersin; çynaryň göwresi sagdyn galsa bolýar”.

“Ynsanyň şol bir bolşy, gyl ýaly hem üýgtän zat ýok”.

“Sen özüňi tanaýan bolsaň, bilip goý, özüni tanamazlaryň aýdýan zatlary manysyzdyr. Unutma diňe. Dowamyna garaş, tankyt edýän bolsalar, bu olaryň bir manyda saňa gizlin haýrandyklaryny görkezýändir”.

“Eger adamlar ýer ýüzünde ýaşamagy öwrenmese, ýok bolup giderler. Garşylyklaýyn ynamsyzlyk, dartgynlylyk, tarap bolmaklyk ýaly şertler adamlaryň bagtly durmuşda parahat ýaşamaklaryna howp salýan zatlardyr”
21
113
Myhman Myhman
12 Oktýabr 2022
👍👍👍
SelimAganov
8 Oktýabr 2022
👍
Amangözel
7 Oktýabr 2022
Naili manyly sozler🥰
Myhman Myhman
6 Oktýabr 2022
Bizi esasy hyyal ayakda tutyada
wolf
6 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Myhman Myhman
6 Oktýabr 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.