ylham_1989
06.10.2022 15:36
Alymlar Gyzyl Karligiň, ýagny sowuk, kiçi hem-de körek ýyldyzyň daşyndan aýlanýan Ýere meňzeş planetalaryň ikisini tapdylar.

Tapylan planetalar «biziň öýümizden» agyr, Neptun planetasyndan bolsa ýeňildir. Onuň esasy gaty daşly jisimden ybaratdyr. Şeýle häsiýetli planetalarda ýaşaýşy tapmagyň ähtimallygy ýokary hasaplanýar. Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň tapan planetalary «LP 890-9» belgili ýyldyzyň daşyndan aýlanýar.

«LP 890-9b» belgilenen planetanyň göwrümi Ýeriňkiden 30 göterim uly hasaplanýar. Ol öz ýyldyzynyň daşyndan 2,7 günde aýlanýar. Planetany «NASA TESS» teleskobynyň üsti bilen tapdylar.
15
113
RuníA
11 Oktýabr 2022
Hmmm ..
LORD
6 Oktýabr 2022
Bitter, çaklamada bar, takyklygam..
ideallider
6 Oktýabr 2022
Aýtmaklaryna görä gün hem plança milion ýyldan soň gyzyl karliga öwrülmeli👍
wolf
6 Oktýabr 2022
Men astronomiya barada gyzyklanyan gyzykly tema 👍🔥👍
Neo
6 Oktýabr 2022
gozegine getirip boljak olceg dala bular 😐
bismark
6 Oktýabr 2022
Bitter,Çaklama

Bitter,Fizikada astranomiyada 1 olceg bn keskitleyaler yadyma dusenok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.