Braziliýaly alymlar 30 müň ýyl mundan ozal ýaşan zenanyň ýüz keşbini gaýtadan döretmegi başardylar.
Hünärmenler 3D dizaýneriň kömegi hem-de sanly täsir ediş usuly boýunça ýygnalan tejribä daýanyp, daş asyrynda ýaşap geçen 17 ýaşly gyzyň sanly keşbini täzeden dikeltdiler.
Arheologlar bu gadymy zenanyň galyndylaryny 1881-nji ýylda Çehiýadaky bir gowakdan tapdylar. Şol wagtlar bu tapyndy erkek kişä degişli diýen çaklama hem öňe sürlüpdi.
Şeýle hem alymlar ýüz keşbi döretmek üçin KT barlagyny ulandylar. Tapyndyda kelläniň aşaky äňiniň ýokdugy sebäpli, alymlar häzirki zaman adamynyň äňiniň gurluşy hakyndaky maglumatlary ulanmaly diýen netijä geldiler.
Şeýlelik bilen, ýokarky paleolit döwründe ýaşap geçen aýalyň nähili keşpde bolandygyny bilmek mümkinçiligi döredi.