ay_kiz_
06.10.2022 11:11
Käbir ýyldyzlaryň gizlin ikinji şahsyýeti

Her bir adamyň üýtgeýän şahsyýeti hem-de ikinji şahsyýeti bardyr
Hamal – Sabyrsyz:

Gödek häsiýeti bilen meşhur bolan hamallaryň iň uly gowşaklygy sabyrsyzlykdyr. Olarda bar bolan energiýa hiç wagt gijikdirmäge ýol bermeýär. Mysal üçin, uzyn nobatda garaşmazlyk üçin elinden gelenini edýärler. Gitmek isleýän ýerlerine gitmek isleseler, hiç zat olary ýolundan saklap bilmez.



Sowur – Bulaşyk

Sowurlar görýän her bir owadan zadyna eýe bolmak isleýär. Her gowy zadyndan soň, ýene täze bir gowy zat almagy halaýarlar. Gynansagam, bu eşiklerden, esbaplardan doly otagy aňladýar. Olary tertipli saklamak hem sowurlar üçin juda kyn hasaplanýar.



Jöwza – Aladaly:

Hiç kim ekizleriň aragatnaşykda nähili gowydygyny bilenok, ýöne bu olaryň sosial ýagdaýlarda aladalanmaýandygyny aňlatmaýar. Olar mähirli we mylaýym, ýöne karar bermekden gaty aladalanýandyklary hakykat. Aragatnaşykda üstünlik gazanandyklary sebäpli, bu aladalary aňsatlyk bilen gizläp bilerler.



Seretan – Manipulýator:

Köplere wepaly we duýgudaşlyk berip bilýän hem bolsa, seretanlarda manipulýator edip bilijilik tarapy bar. Ynandyryjy we boýnuýogyn bolanlarynda, manipulýasiýa içinden gelýänligi sebäpli, adamlara kömek etmegiň ýerine adamlary dolandyrýandyklaryna-da düşünip bilmezler.



Eset – Ýalta:

Esetleriň sahylygy we mylaýym ganly tebigaty olaryň näderejede ýalta bolýandygyna sebäp bolup biler. Belki-de, olar hemişe ýalta däldir, ýöne bu olaryň iň uly gowşaklygy. Aslyýetinda bu ýaltalyk egoistlige we birkemsizlige esaslanýar.



Akrap – Köne düşünjeli:

Batyr şahsyýetlerinden we hyjuwly çemeleşmelerinden başga-da, akraplar durnuklylygy gowy görýärler. Bu hyjuwly şahsyýetler olary gabanjaň etseler-de, tersini isleýärler. Aldamaklygy halamaýarlar. Olar bulam-bujarlykdan daşda bolan durmuşy gowy görýärler.



Kowus- Dury:

Erkin ruhly kowuslar özüni saklap bilmeýärler. Ýöne olar syýahat etmegi diýseň halaýarlar. Söz saýlamakdan çekinmeýärler, aýdýan sözlerini süzgüçden geçirmegi hökman däl diýip hasaplaýarlar.



Daluw – Düýş görýän:

Daluwlar çuňňur pikirlenişi we habarlylygy bilen meşhurdyrlar. Ýöne käwagt olar bütin gününi düýşde ýaly geçirip bilýärler.
13
240
wolf
6 Oktýabr 2022
Menä nämedigimem bilemok😏
ylham_1989
6 Oktýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍
melek06
6 Oktýabr 2022
Wii menki yalta diyip dur, mena yalta dal
Relax
6 Oktýabr 2022
ay_kiz_,Maýa06, menä ýalta däl ol onda başga aýda dogulandyr
Lilia_
6 Oktýabr 2022
Hamal dogry🙄
Maýa06
6 Oktýabr 2022
Relax,indem ýalan diýdä😆
ay_kiz_
6 Oktýabr 2022
Maýa06, dogry aýtýaň🤭 Relax, ýokarkyny gördüňmi sen?🙈🤭
Maýa06
6 Oktýabr 2022
Relax,dogrumy ýokarda birä kabul etdi ýaltalygyny😄
Relax
6 Oktýabr 2022
Ýok hemmesinin govy tarapy bar
Neo
6 Oktýabr 2022
Yyldyzlaryn inn gowsy bliznessi 😎
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.