ay_kiz_
06.10.2022 08:38
Durmuşy, söýgini, ykbaly, adamlary, ölümi, dünýäni özüñçe görşüñ bolmaly. Ol ähli öten-geçenleriñkiden has ygtybarly. Öz görşüñ ajy, elendiriji bolsa-da, hakykydyr.
Sen kalbyñ ýaralaryny bitirjek bolman, gaýtam näçe dyrmaladygyñça, adamlar senden şonça-da şypa tapar, razy bolar.
* * *
Iýmäge puluñ ýok bolany bilen üstüñe kyýamat gopanok. Agzy açyga Tañry ýetirip dur. Ýöne käte el serip duran gedaýlara gabat gelýäñ. Olara oklara zadyñ ýoklugyndan utanyp, çal başlarynyñ, naýynjar dilegçi nazarlarynyñ öñünde özüñi müýnli duýup ugraýañ…
* * *
Mende içi hazynaly ullakan bir sandyk bar — meniñ geçmişim.
Ondan gerekmejek paty-putularymy, gymmatbaha dür-dänelerimi, garaz, islän zadyñy tapmak mümkin. Men onuñ içini irginsiz dörmek bilen meşgul bolup, gözbagçynyñ boşhaltajykdan ýumurtga çykarşy ýaly, öz pikirlerimi tapyp, ýüze çykarýaryn.
* * *
Paýhas merdiwany!
Haçan-da pikirler çüprek bolanda, ýalazylyk hopukdyrýar.
Haçan-da pikirler uly harmana dönende, başyna gören hasyl ýaly bolanda, bolçulyk hopukdyrýar.
Kämahal gerekmejek pikirler ähmiýetli bolup görünýär – belläp alýarsyñ. Gerekli pikirler bolsa, ähmiýetsiz bolup görünýär — unudyp goýberýäñ. Eýsem, öz derejäñi nädip kesgitlemeli!
Yzdan gelýäne goldaw ber, saña öñden barýan ýol görkezer. Ýöne kim öñden barýanyñ syýyndyn ýapyşyp, oña ýapja bolan bolsa, ol barypýatan mahlukdyr.
* * *
Ilkibaşda biziñ hemmämiziñ öz bolşumyz bolýar. Soñra bolsa daş-töweregimize syn edip, hyýalymyzda aýlap, olara öýkünip başlaýarys.
Tebigy boluñ!!! Durmuş bilen oýun etseñiz, utularsyñyz! Sebäbi durmuş köpi gören oýunçydyr!!!
8
57
Amangözel
6 Oktýabr 2022
👍👍👍👍👍🥰
melek06
6 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
wolf
6 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍dogry
ay_kiz_
6 Oktýabr 2022
Perishdejik,🥰🤗😘
Perishdejik
6 Oktýabr 2022
👉❤️❤️❤️❤️❤️👈👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.