ylham_gurbanaly
06.10.2022 01:02
Haýran galýan: seniň düşen ýagdaýyňy asla özünde görmedik adamyň: "aý, seniňem ýagdaýyňa gowy düşünýän" diýşine...

Haýran galýan: goşgynyň "G" harpyndan bihabar adamyň, "çyrşama" yazyp şahyr diýşine...

Haýran galýan: dag ýaly kemçiligini görmän, çigit ýaly ösüşine monça bolýana...

Haýran galýan: Watanyna bolan söýgüsi gursagna sygman, köçede gygyryp ýören Watansöýüjilere...

Haýran galýan: çöp yaljak göwresi bilen özünden 2-3 essäni, hatda 3-4 adamy göterip bilýän "göterijilere"...

Haýran galýan: ilkä puluny tygşytlap, soňam bolgusyz zada sowýan adama...

Haýran galýan: 1 günde aşyk bolup, 1 günde söýüşip, 3-nji günem "sen birýana, men birýana" bolşup, "çyn söýgi ýok eken" diýşine...

Haýran galýan: haýasyza "haýasyz" diýlende, utanman gaharlanşyna...

Haýran galýan: hakykaty aýtýan adamyň ýigrenilişine...

Haýran galýan: iki gyzyň bir ýerde şo bir oglany gowy görşüne. Gyzlarňam ikisiniňem bilmeýşine. Ýa gyzlar barypýatan "akylly", ýa-da oglana Berekella!

Haýran galýan: ýalançynyň başgalara ýalançy diýmesine...

Haýran galýan: içki gözellik esasy diýibem, hiç kimiň betnyşany saýlamaýşyna...



#gündeligimden
Ylham GURBANALYÝEW


*****
Haýsysy? Teswirde!
28
269
Myhman Myhman
9 Oktýabr 2022
Icki gozellik hacan esasy yere gecdi ozi

,👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
7 Oktýabr 2022
Hakykai mena hemmesinem 👍gordum❤️
Myhman Myhman
6 Oktýabr 2022
👍👍👍
zolushka
6 Oktýabr 2022
Haýran galýan içgi gözellik esasy diýibem hiç kimiň betnyşany saýlamaýşyna...🤷🤷
Myhman Myhman
6 Oktýabr 2022
👍👍👍
lalahan
6 Oktýabr 2022
Gaty gowy sozler
Myhman Myhman
6 Oktýabr 2022
Dogry👍
melek06
6 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
ay_kiz_
6 Oktýabr 2022
Haýran galýan seniň bu hakykatlary ýazanyňa😊👍 gaty gowy👏 hemmesi...👌
Myhman Myhman
6 Oktýabr 2022
Gaty gou blp dyr mlds alişen dogry duzyan gosgulan alişen gou 💕💕💕💕💕💕mn ahlisinem soyup okayan😌☺️💕
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.