Haýran galýan: Adam sany boýunça dünýäde iň uly döwletde ýaşaýan, kung-fu-ň ussady hasaplaýan hytaýlylaryň hiç kimi özünden ejiz, pes hasaplaman, garşysyndaka baş egip hormat goýýarka, iki gün trenirowka gatnan "kaçok" oglanlarymyzyň her goltugyna bir garpyz alyp, kamaz, awtobuslaryň sygýan köçelerine sygman ýörşüne.
Haýran galýan: Orta mekdebi zordan gutaran, okuwdan gaçmak boýunça rekord goýan okuwçyň ÝOJ-a girip bilmänligi üçin gynanyp aglaýanyna.
Haýran galýan: Özüni iň gowy hasaplap, ýöne bu ýurtda adalatyň, deňligiň ýoklugy barada jar çekibem, "meniň ýurdum hemme ýurtdan gowudyr" diýen ýaly goşgulary ýazyp bilýän adama.
#Massimuss
*****
Haýran galýan: näme üçin köp sütemlere, aýralyklara, ölümlere döz gelen ýürek pahyr (“pahyr” diýenimi neme görmäň, ýürek ölen...) agramy 50 kg-ä ýetmeýän gyzjagazyň öňünde ejizleýär?!
Haýran galýan: näme üçin ölüm çyn, ýaşaýyş ýalan?!
Haýran galýan: näme üçin okaýan az?!
Haýran galýan: näme üçin iýmege baglanyp bolanok, ýöne içmege, çekmege baglanylýar?!
Sapa Hommadow
*Çeşme: Islenen. Ru
Haýsyna has haýran? Pikirler teswirde.