enka_04
02.10.2022 23:52
Nike brendi kompaniýanyň hususy 3D studiýasy RTFKT Studios bilen bilelikde işlenip düzülen ilkinji wirtual krossowkalaryny hödürledi. Bu barada Vogue Business neşiri habar berýär.

Kompaniýa Nike Cryptokicks adyny alan täze modeli RTFKT studiýasynyň Discord messenjerindäki we Twitter sosial ulgamyndaky akkauntlarynda tanyşdyrdy. Neşiriň bellemegine görä, täze sport aýakgaby wizual taýdan Nike Dunk krossowerlerine meňzeýär. Ol diňe ýaponiýaly suratkeş Takasi Murakami bilen bilelikde döredilen Clone-X awatarlarynyň eýelerine kompaniýa tarapyndan öň iberilen “sanly aýakgap gutularynyň” – MnIth NFT-tokenleriniň eýeleri üçin elýeterlidir.
Wirtual krossowkalar sekiz reňkde – gara, çal, ýaşyl, gülgüne, benewşe, gyzyl, ak we gök reňklerde hödürlendi. RTFKT studiýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Benua Pagottonyň aýtmagyna görä, geljekde ulanyjylaryň we kompaniýanyň hyzmatdaşlarynyň reňkleri özbaşdak döretmek we üýtgetmek mümkinçiligi bolar. 
Nike RTFKT studiýasyny diňe bir wirtual krossowkalary däl, eýsem sanly awatarlar üçin egin-eşikleri we aksessuarlary bilelikde döretmek üçin 2021-nji ýylyň dekabr aýynda satyn aldy. 

8
47
Leylishka
4 Noýabr 2022
Nm zadov bulov
ideallider
3 Oktýabr 2022
Tmda geýseň "Samsyk" diýäýmeseler 😄👍
wolf
3 Oktýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Neo
3 Oktýabr 2022
Men razmerim oydyan 😐
enka_04
3 Oktýabr 2022
Relax,solon zatlaryna menzeya
Relax
3 Oktýabr 2022
Pugm ulanar onda muny)
enka_04
3 Oktýabr 2022
gulserem,menem haladym
gulserem
3 Oktýabr 2022
Owadan eken 👍🏻☺️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.