Ýaşulular -- törümiziň bezegi
Ak patasyn ýüzümize sylalyň,
Ýaşululaň dogasy bar her elde.
Ululary hormatlalyň, sylalyň,
Ýörelgesi -- biz ýaşlara görelde.
Öýlermiziň törleriniň bezegi,
Her bir işde maslahatdaş, weziriň.
Iş etse-de, saňa bermez gezegi,
Göresi ýok garrylygyň hözirin.
Görkezeliň zähmetiniň miwesin,
Ýaşulularmyzy sylap, sarpalap.
Garranynda dert nämedir, bilmesin
-- diýip sarpa goýýar eziz Arkadag.
Göwreleri aýrylmasyn töründen,
Görsün bagtyn çagalarnyň, agtygyn.
Baş egmeli paýhasynyň öňünde,
Ýaşulular şasy -- öýüň tagtynyň.
Aly Şirhan Daýhan ogly
(Ähli hukuklary goralan) "Geldi Döwran..." goşgular ýygyndymdan