yslam7
01.10.2022 10:16
Ynsan çakyn bilmän pesde gürlände,
Belent daglaň laldygyna gynanýan.
Wepaly ýoldaşa ýürek suwsanda,
Itiň, atyň maldygyna gynanýan.
Eli şypa, dili şypa eneleñ,
Her sözleri ýüreklere çenelen,
Sen ynjañda olañ ömri kemeler,
Saçlarynyñ çaldygyna gynanýan.
Basgançaklañ belentlerne dyrmaşyñ,
Bu ýalançy bäş gün ýaýnadarmyşyn,
Düşünemde sahnadygna durmuşyň,
Bu ömürleň roldygyna gynanýan.
Hol suwuňam gözelligi, gazy bar,
Gamyşy bar, gurbagalaň sazy bar,
Arman-arman bu öwgüleň yzy bar,
Oñ akmaýan köldügine gynanýan.
Egerde ýetmeklik isleseñ bagta,
Biliñi guşamak gerekdir pugta,
Halal bol, zähmet çek başartmaz ýogsa,
Bagtly ýollañ kyndygyna gynanýan.
Alyp gitmez dolap üç metr bize,
Kerimhally paýlar bilenin ile.
Şekim ýok,
Şübhäm ýok Hudaýa, dine,
Şübhelileň kändigine gynanýan.
10
71
jemal_seyitniyazowa
1 Oktýabr 2022
Gynanýannn
Selwi
1 Oktýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
1 Oktýabr 2022
AlhamdilulAllah.käşkä durmuşda şo goşgy ÿaly bolsady...Meselem adyñy pozup başga at ÿazañda ÿüregiñdäki at hem pozulsady armaan
gulserem
1 Oktýabr 2022
Gaty gowy manyly gosgy👍🏻👍🏻☺️
Myhman Myhman
1 Oktýabr 2022
❤💋💙💓💜💜💛💛💝💘💗💖💕👍👍👍👍👌
Perishdejik
1 Oktýabr 2022
𝐒𝐮𝐛𝐡𝐚𝐦 𝐲𝐨𝐤 𝐇𝐮𝐝𝐚𝐲𝐚 ,𝐝𝐢𝐧𝐞,𝐬𝐮𝐛𝐡𝐞𝐥𝐢𝐥𝐞𝐧 𝐤𝐚𝐧𝐝𝐢𝐠𝐢𝐧𝐞 𝐠𝐲𝐧𝐚𝐧𝐲𝐚𝐧👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.