Apple kompaniýasy iPhone 14-iň hatarynyň köpçülikleýin önümçiligini ösdürmegini dowam edýär. Apple tanyşdyrylyşdan soň üç hepde hem geçmänkä, Hindistanda eýýäm iPhone 14 öndürip başlady diýip, Mydrivers ýazýar.
Geçen gezekki maglumatda Apple-iň Hytaýda we Hindistanda iPhone 14 smartfonlarynyň önümçiligini başlamagyň arasyndaky wagtlaýyn tapawudy gysgaltmagy meýilleşdirýändigi barada aýdylýardy. iPhone 14 satuwa çykandan iki aý soň, Apple Hindistandaky önümçiligine başlamalydy.
Emma kompaniýa grafiginden has öňde barýar. Öň Apple Hindistanda bu ýurtda ýygnalýan dördünji iPhone bolan iPhone 13 çykarmaga başlandygyny resmi görnüşde yglan edipdi. Indi bolsa eýýäm iPhone 14-iň önümçiligine başlandy.
Häzirlikçe Hindistanda diňe iPhone 14-iň öndüriljekdigini, iPhone 14 Pro bilen iPhone 14 Pro Max-yň bolsa hemişekisi ýaly Hytaýda öndüriljekdigini Mydrivers ýazýar. Belli JPMorgan Chase (JP Morgan) maýa goýum bankynyň seljerijileri takmynan 2025-nji ýyla çenli Hindistanda öndürilen iPhone-yň paýy 25%-e çenli artar diýip hasaplaýarlar