ylham_1989
30.09.2022 07:31

Ruçkalar barada nämeler bilýäris?


Internet maglumatlaryna görä, Ýer ýüzünde 1 sekuntda ortaça 125 sany ruçka satylýar. Eýsem gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen ruçkalar barada biz nämeleri bilýäris? Olaryň döreýşi, ilkinji gezek ulanylyşy, dürli görnüşleri ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek…

Ruçkanyň ilkinji çykan görnüşi ýazuw perleri hasaplanýar. Bu görnüş uzak geçmişden belli bolup, ony adamlar takmynan biziň eramyzdan 3000 ýyl mundan öň ýasapdyrlar. Iňlis dilinde ulanylýan «pen» sözi hem guşuň peri diýmekligi aňladyp, bu ugurda adamlar köplenç gazyň perini ulanypdyrlar. Pompeý harabaçylygynda geçirilen gazuw agtaryş işlerinde bürünç ýazuw perleri hem tapylýar. Ýöne bu tapyndy XVIII asyra degişli hasap edilýär. 1884-nji ýylda L.E.Weterman ilkinji awtoruçkalary, 1944-nji ýylda bolsa žurnalist Laslo Biro şarikli ruçkalary oýlap tapýar.

Ýazuw ruçkalar ilkinji bolup Wengriýada oýlap tapylandygyna garamazdan ruçkanyň Watany Argentina hasaplanýar.

1945–nji ýyl Nýu-Ýork şäherinde şarikli ruçkalaryň ilkinji tapgyry satuwa çykarylýar we şol günüň özünde 10 000 sany ruçka, her biri 12 amerikan dollar bahadan satylýar. Bu baha şol wagtlar Amerikanyň ýokary derejeli işçileriniň bir günlik iş hakyna deň bolupdyr. Ýöne bu uzaga çekmeýär. Iki ýylyň içinde bu önümi öndürýän kärhanalaryň bäsleşiginiň esasynda olaryň bahasy ep-esli derejede, has dogrysy 24 esse aşaklaýar.

Ýene-de bir täsin zatlaryň biri, şarikli ruçkalaryň syýa guýulýan özeni ilki egrem bugram şekilde bolupdyr. Bu bolsa oňa köp syýa guýmaga ýardam beripdir. Ýöne onuň öndüriliş tehnologiýasynyň kynlygy sebäpli ruçkalaryň özeni häzirki görnüşe getirilýär.

Dünýäniň köp ýurtlarynda bu oýlap tapyş «Şarikli ruçka» diýlip atlandyrylýar. Meselem: ballpoint pen — iňlis dilinde, bolígrafo — ispan dilinde, penna a sfera — italýan dilde, Kugelschreiber — nemes dilinde. Argentinada bolsa ruçkany oýlap tapan alymyň ýagny Laslo Bironyň hormatyna birami diýip atlandyrylýar.

Ruçkanyň ilki oýlanyp tapylan wagtlarynda alymlaryň aglaba bölegi ony adaty ilat üçin däl-de, uçarmanlar üçin diýip hasaplapdyrlar. Synag edilip görülende bolsa, uçuş wagtynda ruçkalar ulanmak üçin amatsyz bolup, syýasy dökülipdir. Bu hakykatdanam şeýle şarikli ruçkalar bilen kosmosda ýa-da basyş ýokary bolanda ýazyp bolmaýar. Bu meseläni çözmek boýunça hem köp sanly işler geçirildi. 1960-njy ýylda amerikaly Pol Fişer Space pen atly ruçkany oýlap tapýar. Onuň oýlap tapan ruçkasy suwuň aşagynda, atmosfera basyşynyň ýokary ýerlerinde, temperatura güýçli bolanda, ýagly kagyzyň ýüzüne we başga-da adaty şarikli ruçkanyň ýazmaýan ýerlerinde ýazyp bilýär. Onuň bu aýratynlygynyň esasynda özeninde ýerleşen gaty halyndaky syýa bolup, ol ýazuw wagtynda suwuk ýagdaýa geçýär.

«Iň gymmat şarikli ruçka» ady bilen Ginesiň rekordlar kitabyna giren ruçka platinaly Montegrappa hasaplanýar. Onuň bahasy 1 million ýewro barabar boldy.

Elbetde ýer ýüzünde bu ajaýyp oýlap tapyşyň dürli görnüşlerini ýygnamaga gyzyklandyrma bildirýän adamlaryň sany hem az däl. Ruçkanyň dürli görnüşlerini ýygnap, kolleksiýa etmeklige stilofilleý diýilýär.

Ählimiz ruçka satyn alanymyzda ilkinji nobatda onda ýazyp görüp barlap alýarys. Ruçkany täze satyn alan adamlaryň köp bölegi hilini we ýazyşyny barlamak üçin ilki bilen öz atlaryny ýazyp görýän eken. Geçirilen dürli barlaglaryň netijesinde bir adam ýylda ortaça 4 ruçkany ýazyp gutarýandygy anyklanyldy. Hili gowy bir sany şarikli ruçkada 50000 söze çenli ýazyp bolýar.
15
151
Maýa06
6 Oktýabr 2022
Onda menem stilofilleýleriň hataryna girýändä 😄
Myhman Myhman
2 Oktýabr 2022
Men hemdame 1i gitya
alisherxon
1 Oktýabr 2022
jemal_seyitniyazowa, menem

Mena yylda 4 rucka dal 40 rucka ulanyandyrynow
ideallider
30 Sentýabr 2022
Ýazamda ruçkaň tapawudy ýok hem her gezek "Salam" diýip ýazýardym👍
jemal_seyitniyazowa
30 Sentýabr 2022
Menä ýogyn ýazýan ruçkada hat ýazyp bilýän inçe ruçkalarda hatym owadan ýazylanok🙊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.