Tümlik,
içgepletme,
hem-de ýekelik
Bu üçlik bileje birleşdi ýene
Sebäp, yşgym menden hoşlaşan güni
Gussalyk goş basyp, ýerleşdi sere
Şatlygymam guýma doňdurma deýin,
Datmankam elimde gidipdi eräp
Demin sanap, hassa ýatyr umydym,
Arzuwlarňam has-da hallary harap
Ganat baglan duýgym batbörek eken,
Çatma ýaly yraň atýar kalbymam
Dökmesem, barybir bugaryp barýar,
Birwagtky pürepür bolan sabrymam
Gutarypdyr juwanlygyň nabadam,
Bir gezeklik çaýa atarlyk bary
...Tümlik,
içgepletme,
hem-de ýekelik
Şular häzirlikçe ýeterlik ýaly...
Ylham GURBANALYÝEW