violinist
30.09.2022 00:32
Bu duýgyny düşündirmek şeýle kyn.
(Asyl, ony düşündirmek gerekmi?!)
Maňa welin, özümdäki söweşe
Başlamanka böwet bolmak gerekdi.

Başardyň sen!
Men köşeşip başardym,
Dar köňlüme giň dünýämi sygdyryp,
Sözleşmeklik etmese-de miýesser,
Köp zatlardan halas etdiň ýylgyryp.

Bildim, gözleň bilen jana getiren,
Umytlarmyň ýaşamaga zardygyn...
Aýtmakçydym şu zatlary özüňe,
Tä bilýänçäm ýürekdeşiň bardygyn.

Barlygyň sebäpli dünýede seniň,
Bardygyň sebäpli dünýämde meniň,
Bu gün saňa minnetdarlyk bildirdim,
Geň galyp seretdiň,
ýylgyrdym menem...


Gurbanmyrat Meredow
10
77
melek06
1 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
abdy_dayy
30 Sentýabr 2022
👍🏻👏🏻👍🏿🙆‍♂️
wolf
30 Sentýabr 2022
Müsaitsen vay be 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.