dream_
29.09.2022 20:18
Hasan Basryda şeýle bir pespällik we kiçigöwünlilk haly bolup, ol her bir kişini özünden üstün saýar eken. Bir gün Dijle (Tigr) derýasynyň kenaryna baranda, garaýagyz bir kişä gözi düşüpdir. Şol kişiniň elinde käse, ýanynda-da bir zenan maşgala bar eken. Ol elindäki käsäni zol-zol agzyna ýetirýärmiş. Hasan Basry: «Eýsem, şu adamam menden üstünmikä?» diýip içini gepledenini duýman galypdyr. Kitaplardan okanlaryny ýadyna salyp: «Şunuň ýaly birisi menden nädip üstün bolup biler?» diýip göwnüne getiripdir.
Birden derýada üsti hyryn-dykyn bir gaýyk peýda bolupdyr. Onda ýedi kişi bar eken. Gaýyk birden agdarylypdyr-da, derýanyň düýbüne gidipdir. Kenardaky garaýagyz kişi ylgap özüni suwa urupdyr-da, bäş kişini suwdan çykarypdyr. Soňra bolsa Hasan Basra ýüzlenip:
— Eý, musulmanlaryň ymamy! Men bäş kişini gark bolmakdan halas etdim. Eger özüňi menden üstün hasaplaýan bolsaň, şu iki kişini-de sen halas et — diýipdir. Soň sözüni dowam edipdir:
— Şu küýzede şerap däl-de, suw bar. Şu zenan maşgala-da — meniň ejem. Men seni synap görmekçi boldum. Dünýä adaty göz bilen bakýaňmy, kalp gözi bilen bakýaňmy — şony bileýin diýdim. Şindi görüp otursam, körden tapawudyň ýok ekeni. Sen dünýä adaty göz bilen bakýar ekeniň.
Onuň aýdanlaryny eşiden Hasan Basry derrew onuň aýagyna ýykylyp, bagyşlamagyny haýyş edipdir. Bu garaýagyz kişiniň Allatagala tarapyn iberilen ilçidigini aňypdyr we oňa ýüzlenip:
— Eý, garaýagyz kişi! Bu adamlary gark bolmakdan halas edişiň ýaly, meni-de ýaramaz hyýallar we şek derýasynda gark bolmakdan halas et! — diýipdir.
Garaýagyz kişi:
— Gözüň aýdyň bolsun! — diýip doga edipdir.
Hasan Basry şol günden soň hiç bir babatda özüni özgelerden üstün görmändir. Hatda bir gezek onuň gözi bir köpege düşüp:
— Allahym! Şu köpegiň haky üçin meniň mertebämi beýgelt! — diýip seslenipdir.
Şonda biri ondan:
— Senmi üstün ýa-da şu köpek? — diýip sorapdyr. Hasan Basry oňa jogap berip şeýle diýipdir:
— Eger Allanyň azabyndan gutulyp bilsem, ondan üstün bolup bilerin. Tersine bolaýsa welin, onuň meniň ýaly ýüz kişidenem üstün boljagyna Allatagalanyň gudratyndan ant içýärin.
32
127
melek06
1 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
Ayym_🌙🌼
1 Oktýabr 2022
dream_, sag bol gulim 😘
Ayym_🌙🌼
1 Oktýabr 2022
dream_, yok maryñ ozinde dal bayramalyda

dream_, menm atdasymm 😊🤝
Ayym_🌙🌼
1 Oktýabr 2022
dream_, Marydan 04
Ayym_🌙🌼
1 Oktýabr 2022
dream_,oho atdaşymnn Arzuw menm

dream_,nirden nc yyl atdasymm😊
butterfly
29 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
wolf
29 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍bet
Perishdejik
29 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.