Disneý nädip başardy?
Meşhur adamlaryň durmuşyndan
Bir köpük pulsuz, garyp adamdy. Adamlara kömek etmegi halaýardy. Çörek owuntyklaryny berip dost bolan syçanjyklary onuň durmuşyny nädip düýpgöter üýtgedip bildi? Walt Disney bir wagtlar Çikagonyň palçykly köçelerinde nädip ýaşajagyny, nädip pul gazanjagyny hem bilenokdy. Walt Disney 1901-nji ýylyň 5-nji dekabrynda ABŞ-nyň Çikago ştatynda eneden dogulýar. Maşgalasy garyp ýagdaýda ýaşaýardy. Gyşyň sowuk günlerinde gapy-gapy aýlanyp gazet paýlaýardy. Emma ujypsyzja pul gazanýardy. Bir hepdede gazanan puly bir günlük nahary üçin ýetýärdi. Kitap okamagy diýseň gowy görýärdi. Ine, ol 18 ýaşyna ýetdi. Soňra birnäçe wagtlap tiz kömek maşynynyň sürüjisi bolup işledi. Emma az wagtdan soň ýene-de işsiz köçede galdy. Günleriň birinde Çikagonyň köçelerinde aýlanyp ýörşüne kitap satylýan dükana sowuldy. Dükanyň içindäki kitaplaryň ählisi hem okamak üçin gyzyklydy. Mekdebe gitmedik bolsa-da okamagy we ýazmagy bilýärdi. Hatda Disney-iň elinden gülkünç suratlary çekmek hem gelýärdi. Eger pulum ýeterlik bolsa-dy, bu kitaplaryň ählisini alyp okardym diýýärdi. Kitaplaryň arasyndan birini saýlady we satyn aldy. Öýüne baryp kitaba birlaý göz aýlady. Şol döwürdäki kitaplaryň arkasynda reklama çap edilýärdi. Walt Disney-iň satyn alan kitabynyň arkasynda: “Kanzas-Siti medeniýet instituty sizi tölegsiz kursa okuwa çagyrýar” diýen bildiriş bardy. Dessine bu kursa gitmeli diýen karara geldi. Sebäbi suratkeş bolmak Disney-iň arzuwydy. 1918-nji ýylda Disney bu kursa okuwa gatnap başlady. Ol okuwda Ub Iwerks bilen dostlaşýar. Okuwyny tamamlap öýüne gelende kakasynyň ýogalandygyny eşidýär. Günleriň birinde dosty Ub Iwerskden telegramma gelip gowuşýar. Bilelikde işlemek üçin ony Kanzas-Siti şäherine çagyrýardy. Bu Disney-iň garaşýan habarydy. Haýal etmän Kanzas-Siti şäherine gidýär we dosty bilen birlikde, agentlikleriň birine şekilli suratlary çyzyp berýärler. Birnäçe wagtdan soňra özleri aýratynlykda multfilm şereketini açýarlar. Emma hemme zat olaryň pikir edişi ýaly aňsat bolmady. Surata düşüren filmlerinden girdeji gelmeýärdi. Şereketiň ýerleşýän binasynyň kireý puluny töläp bilmän, bu şereketi ýapmaly boldular. Şeýle hem Walt Disney-iň dogany Roy-yň hem suratkeşlikden başy çykýardy. Bilelikde üýşüren pullaryny jemläp Golliwuda gitmäge karar berdiler. Dürli işlerde işlediler, aç ýatdylar, aç turdular, durmuşyň şeýle kyndygyna göz ýetirdiler. Şekilli suratlary çyzyp, ony film şereketine berýärdiler, emma olaryň hiç birine isleg bildirenokdylar. Disney halys ýadap Çikago, öýüne dolanýar. Dogany bolsa şol ýerde galýar. Walt Disney surat çekip olary köçelerde satmagyň pikirini edýärdi. Emma işlemäge ýeri ýokdy. Şeýlelik bilen ol ýaşaýan öýüniň arkasynda ýerleşen ammary iş ýeri hökmünde ulanmaga başlady. Disney elmydama ejesi, özi we geljegi hakda alada edýärdi. Ýaşy otuza ýetip barýardy, emma entägem özüne belli bir iş tapyp bilmändi.
Günleriň birinde surat çekip otyrka çep tarapda bir zadyň gymyldaýandygyny görýär. Ýuwaşlyk bilen gaýtadan seredip görse, bir syçanjyk tagtanyň üstünde pyrlanyp durdy, edýän üýtgeşik hereketleri göýä tans edýän ýalydy. Disney ähli işini goýup, syçanjygy synlamaga başlady. Soňra öýünden çörek getirip bu syçanjyga berýär. Wagtyň geçmegi bilen syçanjyk Disney-e öwrenişýär. Hat-da ol Disneyiň partasynyň üstüne çykyp hem tans edýärdi. Soňra Disney syçanjygyň suratyny çekmegi ýüregine düwdi. Disney-iň çeken suraty ony kino dünýäsinde iň meşhur sungat adamyna öwürdi. Disney ýene-de täze taslamalary pikirlenip Golliwuda gitmäge karar berdi we ejesine pul goýup gitmegi ýatdan çykarmady. Disney öz taslamasy barada dogany Roy we dosty Ub Iwersk bilen maslahatlaşdy. Ub Iwersk täze dörediljek multfilmiň baş gahrymany bolan şol syçanjyga “Mickey Mouse” diýen ady berdi. Disney bolsa, “Disney Company” şereketini gurmalydygyny aýtdy. Ähli işler ugruna gidýärdi. Şol kiçijik syçanjyk olaryň ýoluny açypdy. Şol wagta çenli surata düşürilen filmler sessizdi. Günleriň birinde Disney sesli film döretmegi ýüregine düwdi. Ahyrsoňy “Istimbot Willie” atly multfilm sesli ýagdaýda ýaýlyma goýberildi. Bu multfilm dünýäniň rekord derejesine ýetipdi. Soňky ýyllarda Disney ähli gazanjyny dowamlylygy 6 sagatdan ybarat bolan, reňkli we sesli multfilmi döretmäge sarplady. Bu film üç ýylyň dowamynda düşürildi. Onuň çykdajysy 1,5 million dollara barabar boldy. Şeýlelik bilen dünýäniň iň gymmat filminiň ady: “Garpamyk we ýedi girdenekler” boldy. Bu multfilmiň arkasyndan 8 million girdeji gazandy. Soňra Walt Disney “Pinokyo” atly multfilmi döretdi. Ol hem dünýäde öz meşhurlygyna eýe boldy.
Millionlarça çagalaryň söýgüsini gazanan Walt Disney bir wagtlar garyp çagajykdy. Indi bolsa ähli adamlar bu meşhur adamy tanamak, görmek isleýärdiler. Aýratyn-da oýnawaç öndürýän kärhanalar we reklamaçylar multfilm gahrymanlarynyň suratlaryny almak üçin Disney-den rugsat soraýardylar. Kaliforniýada “Disneyland”, Floridada “Disney World” seýilgähleri açyldy.
Walt Disney 67 ýaşynda aradan çykdy. Bu wagta çenli 30 sany Oskar baýragynyň eýesi bolupdyr. Bu hekaýadan görnüşi ýaly, üstünlige dogry ýoldan ýöremek, zyýanly endiklerden daşda durmak, ata-enäniň razylygyny gazanmak arkaly ýetilýär. Meselem: Walt Disney Golliwudda wagty hem ejesi bilen mydama habarlaşýardy we oňa yzygiderli pul ugradýardy.