Agaçlar aglaýarmy?
Käwagt agaçlar kesilende, döwülende, zeper görende ýa-da kesellände agaçdan şire syzýar. Agaç şiresiniň düzüminde nämeler bar we onuň wezipesi näme?
Agaç şiresi – düzüminde suw, minerallar we gormonlar bolan suwuklykdyr. Bu maddalar agaç şiresiniň görnüşine görä ksilem ýada floem öýjükleri arkaly ýaýraýar. Floem şiresiniň düzüminde şeker bardyr. Şeker, gormonlar we minerallar şekere baý bolan ýapraklardan we beýleki ýerlerden agajyň göwresi we köki ýaly şeker mukdary az bolan ýerlere floem arkaly ýaýraýar. Agaç şiresiniň beýleki görnüşi ksilem şiresi bolup, ol ksilem öýjükleri arkaly ýaýraýar. Ksilem şiresiniň düzüminde hem gormonlar we minerallar bardyr, ýöne floem şiresinden tapawudy düzüminde şekere derek ýokumly maddalaryň bolmagydyr. Ksilem şiresi agajyň kökünden onuň ýapraklaryna ýaýraýar. Peýdaly maddalary özünde jemleýändigi üçin bu ksilem şiresi agajyň ýaşaýşy we onuň sagdyn ösmegi üçin zerurdyr.
Agaçlaryň görnüşine görä olaryň şiresi-de üýtgeýändir. Meselem, mansinella agajynyň (Amerikada ösýän tropiki agaç) şiresinde gaty köp mukdarda toksin (zäherli madda, awy) bolýar we ol degen wagtyň oduň döremegine, agajyň pakgarmagyna sebäp bolýar. Kerkaw agajynyň şiresi bolsa diňe howpsuz bolman, ony iýip hem bolýar.