ylham_gurbanaly
29.09.2022 01:29
Duşuşmak arzuwna bisabyrdyk biz,
Göreçler göreje bakmanka heniz
Emma ne döw çaldy.
Bilmedik asla...
Aýralyk söýgümiz görüpdi eziz

Aýralykdan öňki ajaýyp günler
Ýatylmanka ýatlap çykylar daňa
Suratdan, kalbyňdan alnan keşbiňi
Ýüzläp sapar düýşler görkezer maňa

Nesibede bolsa duşuşarysam...
Ýollar saňa duşyr.
Duşyr ol, hökman!
Iýäýjek bolsa-da göreçlerimiz,
Görmedik bolarys, gözlere bakman

Belki, soň ýene-de duşuşarys biz
Bakaryn öýmeli başyňa ýarym
Öňler otagymda açylmaly gül,
Bezär şonda, özge ýeriň güldanyn...

Hakyda hoşlaşyk gününde galar,
Gulakda ýaňlanar aýralyk sözi
Ýüzläp düýş, onlap ýol, bir şäher,
emma...
Ykbal bir ýassykda duşurmaz bizi



Ylham GURBANALYÝEW
18
125
ylham_gurbanaly
1 Oktýabr 2022
RuníA, Minnetdar)
RuníA
1 Oktýabr 2022
😔bu gözel duýguly setirleriň, elmydama dowamly bolsun! Gowy ýazylan✨
melek06
29 Sentýabr 2022
Gaty gowy gosgy 👍🏻 Like
nurberdiyewa_aylar
29 Sentýabr 2022
💜💜💜
gulshatayewa97
29 Sentýabr 2022
Berekella👏👏👏
ylham_gurbanaly
29 Sentýabr 2022
zahrat_alward, Salam. Erbet däl. Özüň? Aý ýok. Ol ýok.
jemal_seyitniyazowa
29 Sentýabr 2022
😔❤💖❤
ay_kiz_
29 Sentýabr 2022
😑👌....👌😑
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.