bagt üçin 5 sany möhüm maslahat
1. Başgalara şatlyk bereniňizde, siz oňyn we güýçli energiýa eýe bolarsyňyz welin, gaty köp zat edip bilersiňiz. Başga birine şatlyk bermek ýadawlygyň we erbet halyň gowy serişdesidir.
2. Her gün rahatlyk zolagyňyzy giňeldiň, ozal etmedik zadyňyzy edip görüň. Yzygiderli gijä galýarsyňyzmy? Onda wagtynda gelmäge synanyşyň! Çekinjeňlik duýgusyndan halas bolmak isleýän bolsaňyz, ýolda geçip barýanlara ýylgyryp salam beriň. Dünýäni başga bir, näbelli tarapdan öwreniň.
3. Şu wagt bilen ýaşaň! Düýnki şowsuzlyklara gahar etmäň, olar eýýäm geçdi. Olardan netije çykaran bolsaňyz, hereketiňizi dowam ediň. Ertir näme boljakdygyndan gorkmaň. 99% ýagdaýda bu gorkular esassyzdyr. Onda näme üçin durmuşyňyzy olar bilen zäherleýärsiňiz? Şu ýerde we şu wagt ýaşaň, durmuşyňyzyň her minudyndan lezzet alyň.
4. Mesele çözüp bolmajak ýaly görünse, oňa beýleki tarapdan seretmäge synanyşyň, muny öňüňizde hiç kimiň etmedik görnüşinde synap görüň.
5. Biz kähalatlarda maksadymyza ýetmek bilen arkaýynlaşyp ýalňyşýarys. Bir maksada ýetip, öňümizde täze maksatlary görmegi başarmalydyrys. Bir maksadyň beýleki bir maksatlara eltip biljekdigini unutmaň.